Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan italiýan ilçisini saklady


Penşenbe güni Hindistanyň Ýokary sudy Italiýanyň ilçisi Daniel Mançinä häzirlikçe bu ýurtdan çykmaklygy gadagan etdi. Muňa iki sany hindi balykçysynyň öldürilmeginde italiýan matroslaryna bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly dawalar sebäp boldy.

Hindistanyň häkimiýetleri şu ýylyň fewralynda bu iki italiýan matrosynyň Italiýadaky parlament saýlawlarynda ses bermäge gatnaşmaklary üçin, ilçiniň kepili esasynda, Italiýa gitmeklerine rugsat beripdi.

Emma şu hepdäniň duşenbe güni Italiýa bu iki matrosyň indi Hindistana iberilmejekdigini mälim etdi.

Hindistanyň hökümeti hindi balykçylarynyň öldürilmeginde aýyplanylýan bu iki italiýan matrosynyň Hindistana berilmegine hem-de olaryň işi boýunça Hindistanda sud prosesiniň geçirilmegine aýak direýär.
XS
SM
MD
LG