Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Oppozisiýa premýer-ministr saýlady


Siriýanyň oppozisiýasy geçiş hökümetine ýolbaşçylyk etmek üçin premýer-ministr saýlady.

Siriýanyň oppozisiýadaky Milli koalisiýasynyň sişenbe güni irden Stambulda geçiren maslahatynda Hassan Hitto premýer-ministrlige seçildi.

Hittonyň gelýän günlerde öz ministrlerini saýlamagyna garaşylýar. Koalisiýa bu hökümet pitneçileriň ýurtda prezident Başar al-Assadyň kontrollugyndan öz ellerine geçiren ýerlerinde ýurt dolandyrar diýip umyt edýärler.

Emma muňa garamazdan, synçylar Siriýada Assadyň garşysyna söweşýän pitneçileriň geçiş hökümetine boýun bolup-bolmajagy belli däl diýýärler.

Hitto 1963-nji ýylda Damaskda doglup, onlarça ýyllap Birleşen Ştatlarda ýaşady.
XS
SM
MD
LG