Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürji parlamenti prezidente garşy


Penşenbe güni Gürjüstanyň parlamenti prezident Mihail Saakaşwiliniň käbir ygtyýarlyklaryny elinden almak meselesi boýunça ses berişlik geçirdi. Parlament bu mesele boýunça jemi üç gezek ses berişlik geçirmegi planlaşdyrýar.

Penşenbe günki geçirilen birinji ses berişlikde deputatlaryň aglabasy prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirmekligi goldap ses berdiler.

Hususan-da, ses berişlikde deputatlar prezidentiň Gürjüstanyň hökümetini we parlamentini dargatmak baradaky ygtyýarlyklaryny ýatyrmaklygy goldadylar.

Geçen ýylyň oktýabrynda Gürjüstanda geçirilen parlament saýlawlarynda ozalky oppozision koalisiýa parlamentde orunlaryň köplügine eýe bolupdy. Şondan bäri premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň syýasy koalisiýasy prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek ugrunda aktiw hereket edip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG