Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Perwez Muşarraf Pakistana bardy


Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf dört ýyllyk daşarky bosgunlykdan soň ýekşenbe güni Pakistanyň günorta Karaçi şäherine bardy.

Azatlyk Radiosynyň “Maşaal” gullugy Karaçiniň aeroportunda Muşarrafy onuň ýüzlerçe tarapdarlarynyň, şol sanda onuň “Musulman Ligasy” partiýasynyň birnäçe liderleriniň-de garşy alandygyny habar berýär.

Pakistanda şu ýylyň maý aýynda geçiriljek parlament saýlawlary üçin Perwez Muşarrafyň öz partiýasynyň adyndan kampaniýa alyp barmaklygy planlaşdyrýandygy habar berilýär.

Pakistanyň hukuk goraýjy organlary oňa birnäçe jenaýat işinde, şol sanda 2007-nji ýylda şol wagtky premýer-ministr Benazir Bhuttonyň janyna kast edilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça-da aýyplama bildirýär. 2008-nji ýyldan bäri ol Londonda we Dubaýda bosgunlykda ýaşap geldi.
XS
SM
MD
LG