Ýekşenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç tussaglykdaky ýurduň ozalky içeri işler ministri Ýuriý Lusenkonyň günäsini geçmek barada perman çykardy.
Ukrain prezidentiniň internet saýtynda ýerleşdirilen bu baradaky maglumatda prezident Wiktor Ýanukowiç Lusenkonyň günäsini geçmek baradaky karara Ukrainanyň we Ýewropa Bileleşiginiň köpsanly resmileriniň eden haýyşlary esasynda gelendigini belläpdir.
Ýanukowiçiň gol çeken bu permanynda Ýuriý Lusenko bilen birlikde ýene bäş adamyň, şol sanda ýurduň ozalky tebigaty goramak boýunça ministri Georgiý Filipçugyň-da günäsiniň geçilýändigi aýdylýar.
2005-2006-njy ýyllarda Ukrainanyň içeri işler ministri bolup işlän Ýuriý Lusenko Ukrainanyň ozalky premýer-ministri, häzirki wagt tussaglykda oturan Ýuliýa Timoşenkonyň ýakyn syýasy egindeşi hasaplanylýar.
Geçen ýylyň fewralynda Ýuriý Lusenko bikanun maliýe galplyklarynda aýyplanyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.