Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernogoriýada prezident saýlanylýar


Ýekşenbe güni Çernogoriýanyň ilaty ýurduň prezidentini saýlamak üçin ses berýär. Ilat taýdan uly bolmadyk Balkanlaryň bu ýurdunda ses bermäge hukukly ilatyň sany 512 müň.

Bu saýlawlarda prezidentlik wezipesine ýurduň häzirki prezidenti Filip Wujanowiç bilen ýurduň ozalky daşary işler ministri Miodrag Lekiç dalaş edýär. Filip Wujanowiç ýeňiş gazanan halatynda munuň özi onuň üçülenji möhlet prezidentlik wezipesine saýlanmasy hökmünde alamatlanar.

Ýakynda Çernogoriýanyň Konstitusion sudy Filip Wujanowiçiň ilkinji prezidentlik möhletiniň bu ýurduň Serbiýanyň düzüminde bolan döwrüne gabat gelýändigini aýdyp, onuň üçülenji möhlet prezidentlige dalaş etmeginiň kanuna laýyk gelýändigi barada karar çykardy.

Saýlawlaryň öňýany geçirilen pikir soraýyşlyklar ses bermäge gatnaşjak saýlawçylaryň sanynyň örän pes boljakdygyny görkezipdi.
XS
SM
MD
LG