Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela: Protest mahalynda çaknyşyk boldy


Karakasda, Wenesuelanyň prezidentlik saýlawynda Nikolas Maduronyň ýeňşine garşy guralan protest mahalynda polisiýa bilen demonstrasiýaçylaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Polisiýa protestçileri dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Wenezuelanyň saýlaw häkimiýeti duşenbe güni Maduronyň saýlawda sesleriň 50.8 prosentini alyp, ýeňiji bolandygyny resmi taýdan jar etdi. Onuň garşydaşy, oppozision kandidat Henrik Kapriles bolsa, sesleriň 49 prosentini alypdyr.

Maduro mart aýynda rak keselinden ölen prezident Ugo Çaweziň oruntutarlygyna saýlanypdy.

Sesleriň gaýtadan sanalmagyny talap eden Kapriles Madurony “bikanun president” hökmünde ýazgardy.
XS
SM
MD
LG