ABŞ-nyň Boston şäheriniň polisiýasy Boston marafonyndaky partlamalarda aýyplanýanlardan ikinjisi 19 ýaşly Johar Sarnaýewiň anna güni giçlik ele salnandygyny mälim etdi.
Habar agentlikleri aňtalýan Johar Sarnaýewiň Bostonyň etegindäki Wotertaun şäherçesindäki bir jaýyň arkasynda duran gäminiň içinde gizlenendigini habar berdiler. Maglumata görä, bu gäminiň eýesi gämidäki gan tegmillerini görüp, bu barada polisiýa habar beripdir.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “tragediýanyň möhüm sahypasynyň ýapylandygyny”, emma bu waka boýunça käbir soraglaryň welin henizem jogapsyz galýandygyny aýtdy.
Bostonyň polisiýasy Johar Sarnaýewiň häzirki wagt alan çynlakaý ýaralaryndan keselhanada bejergi alýandygyny mälim etdi. Boston partlamasynda aýyplanylýan bu iki doganyň ulusy Tamerlan Sarnaýew penşenbe güni giçlik polisiýa bilen özara atyşyklarda atylyp öldürilipdi.
Şu hepdäniň duşenbe güni Bostonda gurnalan marafon ýaryşynyň tamamlanýan ýerinde amala aşyrylan iki sany partlamada üç adam ölüp, 176 adam ýaralanypdy.
Asly çeçen milletinden bolan doganlar Johar we Tamerlan Sarnaýewler Birleşen Ştatlara Orsýetiň territoriýasyndan göçüp barypdyrlar. Sarnaýewleriň daýysy olaryň Birleşen Ştatlarda on ýyla golaý wagt bäri ýaşap gelendiklerini gürrüň berdi.