Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Futbol çempionaty guramaçylykda agsaýar


Köpetdag stadionyndaky tomaşaçylar
Köpetdag stadionyndaky tomaşaçylar
Türkmenistanyň 12-nji aprelde badalga berlen 21-nji futbol çempionaty dowam edýär. Bu ýaryşyň eýýäm üç oýnunyň duşuşyklary geçirildi. Bu ýaryşyň paýtagtda geçirilýän duşuşyklary öýlän sagat 5-de ýa-da 6 töwerekleri başlanýar.

Paýtagtly futbol janköýeri, 38 ýaşly Gurbanmyradyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý döwlet edara-kärhanalarda işleýän futbol janköýerleri üçin amatly däl. Ol bu ugurda öz pikirini şeýle mälim edýär: “Duşuşyklar iň bolmanda iş wagty gutaranda geçirilse gowy bolardy. Ýogsam, işden futbol görmek üçin rugsat almak kyn”.

Köpetdag stadiony
Köpetdag stadiony
Gurbanmyrat futbol çempionatynyň şu wagta çenli geçirilen duşuşyklarynyň aglabasyna Türkmenistanyň sport telekanaly arkaly tomaşa edýän futbol janköýerleriniň biri.

“Bu telekanalda görkeziljek futbol duşuşyklary telewideniýäniň gazetlerde çap edilýän programmasynda ýok. Diňe käwagt şol telekanala geçireniňde, tötänlikde şol translýasiýa gabat gelip bolýar” diýip, Gurbanmyrat gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýurduň futbol çempionatynyň duşuşyklarynyň alyp görkezişleri duşuşyk bolup geçenden bir gün ýa-da hatda 2-3 gün geçensoň görkezilýär. “Mysal üçin, 16-njy aprelde geçen ”Daşoguz”-”Altyn Asyr” [toparlarynyň] duşuşygyny iki günden soň görkezdiler” diýip, Gurbanmyrat nygtaýar.

Bildirişler ýok

Gurbanmyradyň aýdýan ýagdaýy bu çempionatyň guramaçylygyna degişli kemçilikleriň diňe biri. Çempionatyň duşuşyklarynyň haýsy stadionda we haçan geçirilýändigi baradaky bildirişler hem şäherde göze ilmeýär.

Hatda çempionatyň kalendary hem çap edilmedi. Çempionat başlany bäri ýurtdaky ýeke-täk sport gazetiniň - “Türkmen sportunyň” iki sany çykdy, emma bu gazetde hem bu hili maglumat berilmedi.

“Futbol federasiýasyna jaň edip, duşuşyklaryň geçirilýän ýerini we wagtyny takyklamaly bolýar” diýip, beýleki bir futbol janköýeri Ahmet gürrüň berýär. Ýaryşyň gidişini görkezýän tablisa hem gündelik gazetlerde çap edilmeýär.

Dogry, duşuşyklaryň netijeleri barada ertesi çykýan gazetlerde reportažlar berilýär. Diňe şonda şol duşuşyklaryň netijelerini bilip bolýar.

Stadioanlar

Ahmet paýtagtyň Köpetdag we Olimpiýa stadionlarynda geçirilýän duşuşyklaryň guramaçylygy babatynda hem kemçilikleriň bardygyny aýdýar. “Köpetdag stadionynda käwagt diktoryň sesi gowy çykanok. Kimiň gol geçirendigini ýa-da çalşylan oýunçynyň adyny gowy eşidip bolmaýar. Käwagt bolsa duşuşyk asla diktorsyz geçýär” diýip, Ahmet Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Janköýerleri futbol duşuşygyna öz ýanlary bilen gazet alyp gidýärler
Janköýerleri futbol duşuşygyna öz ýanlary bilen gazet alyp gidýärler

Stadionlaryň arassaçylyk ýagdaýy hem pes. Futbol janköýerleri futbol duşuşygyna tomaşa etmäge öz ýanlary bilen gazet alyp gidýärler. Sebäbi olaryň oturjak oturgyçlary, adatça, hapa bolýar, wagtynda süpürilmeýär.

Paýtagtda geçirilýän çempionatyň duşuşyklarynda stadionlar tomaşaçydan dolmasa-da, 200-300 futbol janköýeri bu duşuşyklara tomaşa etmäge barýar. Käbir duşuşyklarda bolsa stadionyň tribunalarynda 2-3 müň futbol janköýerini görmek bolýar. Geçen hepdäniň şenbe güni bolup geçen HTTU-“Balkan” komandalarynyň arasyndaky duşuşyga 2 müňe golaý adam tomaşa etdi.

Daşoguzda geçen “Daşoguz”-“Altyn Asyr” komandalarynyň duşuşygynda stadionyň tribunalary doly bolupdyr. Ýöne ildeşlerimiz şol futbol janköýerleriniň aglabasynyň mekdep okuwçylarydyr döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleridigini aýdýarlar.

“Daşoguzda futbol duşuşygyny adaty köpçülikleýin çärä öwürdiler. Tomaşaçylaryň ählisi diýen ýaly mejbury stadiona getirilen adamlar” diýip, 45 ýaşly daşoguzly futbol janköýeri Öwezbaý gürrüň berdi.

Ýurtda türkmen futboly bilen gyzyklanýan adamlar az diýlip hasaplanýar. Munuň birnäçe sebäpleri bar. Şolaryň biri hem ýurt boýunça geçirilýän futbol ýaryşlarynyň guramaçylyk meseleleri bilen bagly diýip, türkmen futbolunyň janköýerleri aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG