Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köçeleriň abatlanmagy gowy, ýöne...


Aşgabatdaky bir köçe
Aşgabatdaky bir köçe
Türkmenistanda her ýyl bellenilýän "Bedew baýramçylgynyň" öňüsyrasynda Aşgabadyň günortasyndaky Andalyp köçesinden Türkmenistanyň prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna çenli bolan aralykda durky doly täzelenen awtomobil ulag ýoly ulanmaga berildi.

Paýtagtyň käbir köçeleriniň bir aýratynlygy aşgabatly sürüjileriň köpüsiniň gözüne ilen bolsa gerek. Eger-de köçe ýylmanan daşdan ýasalan reňekli bolsa, onda bu şol köçäni ýa-da köçe bölegini Sankt-Peterburgyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşiginiň oňarandygynyň alamaty. Şol önümçilik birleşiginiň türkmenistanly işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu bordýurlar granit daşyndan ýasalýar.

Bedew baýramyna gabat ulanmaga berlen ýoluň hem erňegi granit daşyndan ýasalan.

Bir tarapdan, ýollaryň oňarylmagy paýtagtyň ýaşaýjylary we sürüjileri üçin has gowy şertleriň döredilmegini aňladýar. Emma bu abatlamalaryň şol köçeleriň ugrunda ýaşaýan ilaty alada goýýan ýerleri hem bar. Bu alada gurluşyk zerarly jaýlaryň ýykylmagy bilen bagly.

Ulanmaga berlen ýoluň abatlaýyş işleriniň öň ýany şol ýoluň ugrundaky 1-nji maý obasy göçürildi. Aşgabat-Bajygyran ýolunyň abatlandyrylýan döwründe bolsa Berzeňňidäki daçalar ýumruldy.

Howatyrlar

Bedew baýramyna gabatlap Gökderedäki Halkara atçylyk toplumyna barýan Köpetdag prospektiniň hem durky täzelendi. Şol sebäpden bu prospektiň ugrunda ýerleşýän Çüli, ýa-da häzirki atlandyrylyşy ýaly Gökdere obasynyň, ýaşaýjylary hem obalarynyň göçürilmeginden howatyr edýärler.

“Ýoly täzelänsoňlar, biziň obamyzy bu ýoluň hem-de golaýdaky atçylyk toplumynyň gelşigini alýar diýen bahana bilen göçüräýmeklerem mümkin. Beýleki obalar göçürilende bolşy ýaly, suwumyzam kesildi” diýip, bu obanyň ýaşaýjysy Atamyrat aga aýdýar.

Häzir, Bedew baýramy sebäpli, bu obanyň jaýlarynyň üçeklerini gyzyl reňke boýaýarlar.

Paýtagtyň içindäki köçeleriň durky düzedilende hem kähalatda şol köçeleriň ugrundaky ýaşaýan adamlar kynçylyk çekýärler.

“Çanak antennalary, split-sistemalary aýyrdýarlar. Köpgatly jaýlarda 'pritsroýka' diýiliýän goşmaça gurlan otaglary ýumurýarlar” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy 39 ýaşly Guwanç aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak paýtagtyň Andalyp köçesi hem soňky bir-iki aýyň içinde giňeldildi. Emma bu abatlyk işi hem şol töweregiň ýaşaýjylaryny biynjalyk edýär. Bu köçäniň “Hitrowka” raýonynyň içinden geçýän böleginiň ugrundaky tipli ýaşaýyş jaýlaryň iki setiri ýumrulyp, olaryň deregine iki gatly kottej tipli ýaşaýyş jaýlarynyň guruljakdygy barada gürrüň edilýär.

Andalyp köçesiniň Garagum kanalyndan geçýän köpri-estakadasynyň gurluşygynda bolsa il içinde “demir bazary” diýlip atlandyrylýan uly göwrümli gurluşyk haryt bazary ýok edildi. Häzir şol bazaryň ýerleşen ýerinde birnäçe adam durup, haýsy-da bolsa bir ýerde saklanýan gurluşyk harytlaryny hödürleýär.

Paýtagtyň içinde we onuň çetki künjeklerinde köçelerde we ýollarda abatlyk işleri dowam edýär. Şol bir wagtda bu köçeleriň we ýollaryň töwerekleri hem üýtgeýär.
XS
SM
MD
LG