Çarşenbe güni Siriýanyň territoriýasynda internet aragatnaşygy kesildi. Internetiň ulanylyşyna gözegçilik edýän guramalar, şol sanda “Google” kompaniýasy hem Siriýanyň territoriýasynda internet aragatnaşygynyň sişenbe güni giçlik kesilip başlanandygyny mälim etdiler.
Ýöne muňa nämäniň sebäp bolandygy heniz aýdyň däl. Ekspertler edil häzirki wagt munuň sebäbini anyklamaklygyň mümkin däldigini aýdýarlar.
Bu wakanyň öňýany sişenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen Damaskda geçiren gepleşiginiň yzýany eden çykyşynda, “Ysraýylyň agressiýasyna” garşy Siriýanyň garşylyk görkezmäge mümkinçiliginiň bardygyny nygtap, duýduryş beripdi.
Munuň özi Siriýanyň territoriýasynda Ysraýylyň geçiren soňky howa hüjümleri bilen baglanyşykly prezident Assadyň eden ilkinji resmi çykyşy hökmünde alamatlandy.