Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda aborta garşy göreş alnyp barylýar


Gürjüstanyň prawoslaw hristian buthanasynda çaganyň dine çokundyryş dabarasy, Tbilisi, 17-nji dekabr, 2012.
Gürjüstanyň prawoslaw hristian buthanasynda çaganyň dine çokundyryş dabarasy, Tbilisi, 17-nji dekabr, 2012.

Gürjüstanyň örän abraýly prawoslaw patriarhy pasha baýramçylygyna gabatlap ýaýradan beýannamasynda hökümeti abortlary gadagan edýän kanuny kabul etmäge ündedi. Patriarh ýurtda ilat sanynyň azalmagynyň dowam edýändigine ünsi çekdi. Gürjüstanyň hökümeti prawoslaw buthanasynyň aborty doly gadagan etmek pozisiýasyna garşy çykýan hem bolsa, ýurtda çaga dogurmakdan ýüz öwürýänleriň sanynyň köpdügine we ilat sanynyň barha azalýandygyna göz ýetirýär hem meseläni çözmegiň zerurdygyny boýun alýar.

Gürjüstan barha güýçlenýän demografik problema bilen ýüzbe-ýüz bolýar. BMG-niň maglumatyna görä, 1991-nji ýylda ýurtda doglan çagalaryň arasynda gyzlaryň sany 100 bolsa oglanlaryň sany 105-di, 2000-nji ýylda bu sanlar 100 we 110 bolupdy, 2011-nji ýylda bolsa 100 we 114-de ýetdi.

Gürjüstanda Günorta Kawkaz döwletleri Ermenistan we Azerbaýjan bilen bir hatarda ilatyň jyns taýdan deňagramlylygy bozulyp barýar. Bu ýurtlardaky derejäniň Hytaý bilen Hindistandaky ýagdaýa golaýlamagy ähtimal.

Jyns taýdan deňagramlylygyň durnuksyzlygy iňňän köp sosial problemalaryň, şol sanda zenanlaryň söwdasy, zorluklaryň köpelmegi we jyns taýdan ýokýan keselleriň ýaýramagy ýaly ýagdaýlaryň köpelmegine getirýär.

Çaga saýlamak tendensiýasy

Statistiki sanlar çaga dogurmakda soňky döwürde belli bir derejede göze ilýän maşgala planlaşdyryş tendensiýalaryna degişli. Käbirleri kompýuter arkaly edilýän barlaglaryň netijelerine görä, abort edýärler, ýagny ogul dogurmak isleýänler abort edip, gyz çagasyny aýyrdýarlar. Bütin dünýä boýunça alanyňda, ogul dogurmak isleýänleriň sany köplük.

Problema boýunça kitabyň awtory žurnalist Mara Hwistendahl demografiýa ýagdaýyna degişli soňky sanlaryň geňirgenme döredýändigini belledi. Ol ilat sanynyň azalmagynyň, umuman, az çaga dogulýandygy bilen bagly bolsa-da, problemanyň başga-da sebäpleriniň bardygyny belleýär. Onuň pikiriçe, ykdysady ösüşiň netijesinde bu ýurtlara ösen tehnologiýa geldi, ol ene-atalara boljak çagasynyň jynsyny öňünden anyklamaga mümkinçilik berdi. Bu hem öz gezeginde dogulýan gyz bäbekleriň sanynyň üzül-kesil azalmagyna getirdi.

Meselä çemeleşmek

Häzirki wagtda Tbiliside kanun çykaryjylaryň bu problema kanuny taýdan çemeleşmek meselesini parlamentde geňeşmeklerine garaşylýar.

Gürji parlamentiniň Saglygy saklaýyş we Sosial meseleler boýunça komitetiniň başlygy Dimitriý Kundadze öz kärdeşlerine meselä has düýpli çemeleşmägi ündeýär we çaganyň jynsyny saýlamak bilen bagly abortlary gadagan etmäge çagyrýar. Onuň sözlerine görä, ýurtda ýylda edilýän 36 müň çemesi abortlaryň üçden bir bölegini hut çaganyň jynsyny saýlamak bilen baglylykda edilýän abortlar düzýär.

BMG-niň Dünýä saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2005-nji ýylda Gürjüstanda çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky her müň zenana 19 abortdan düşüpdi. Bu bolsa Ýewropada iň ýokary görkeziji. Bu postsowet döwletleri boýunça ortaça görkezijilerden hem ýokary. Ortaça hasaplara görä, Gürjüstanda her zenan öz durmuşynda üç gezek çaga aýyrdýar.

Gürjüstanyň konserwatiw güýçleri, şol sanda prawoslaw hristian buthanasy problemanyň ýaýbaňlanmagyndan howatyrlanýar we çaga düşürilmegini doly gadagan etmäge çagyrýar.

Patriarh Ilia Ikinjiniň metbugat wekili Demetre şu hepdede patriarhyň pasha baýramçylygy bilen bagly eden beýannamasyny köpçülige ýetirdi. Beýannamada ene-atanyň islegi boýunça çaga düşürmekligiň aýylganç bir işdigi nygtalýar we ýurtda agyr demografik ýagdaý saklanýarka, hökümetiň muňa gadagançylyk girizmelidigi aýdylýar.

Gadagançylyga garşy

Feministler we aýallaryň hukuklaryny goraýan beýleki aktiwistler bu meselä aýallaryň hukuklary nukdaýnazardan çemeleşilmelidigini aýdýarlar. Tbilisili ginekolog doktor Maýa Gambaşidze gadagançylyklaryň netijesiz we howply çäredigini aýdýar.

Maýa Gambaşidze sowet döwründäki tejribeleri ýatladyp, abortlaryň gadagançylygy zerarly köp zenanlaryň bikanun abortlardan heläk bolandygyny ýatlatdy. Ol abortlaryň sanyny azaltmak üçin ilat arasynda maşgala planlaşdyryş boýunça bilimi ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG