Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslam bank ulgamy näme?


Yslam ösüş bankynyň gubernatorlarynyň Duşenbe şäherinde geçiren duşuşygy. Täjigistan. 22-nji maý, 2013 ý.
Yslam ösüş bankynyň gubernatorlarynyň Duşenbe şäherinde geçiren duşuşygy. Täjigistan. 22-nji maý, 2013 ý.

Yslam bank ulgamy ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda aýlag döwletlerinde ýola goýlanda onuň müşderileriniň ählisi diýen ýaly dindar musulmanlardan durýardy. Olar öz dini gymmatlyklaryna eýerýän bank sistemasyny isleýärdiler.

Bu gymmatlyklar süýthorluga, alkogol ýa pornografiýa ýaly adamlary ahlak taýdan azdyrýan söwdalara maýa goýmaga garşy gadagançylygy öz içine alýar.

Ýöne indi yslam bankçylygyna üns berýänler diňe musulmanlar däl. Munuň sebäbi hem gapysy ähli dindäki adamlara açyk bolan yslam banklarynyň global ykdysady krizisden ep-esli derejede aman galandygy. Bularyň arasynda şu wagta çenli işini batyryp, döwletiň kömegine mätäç bolany ýok.

Bu ýagdaý yslam banklaryna süýşürintgiler üçin adaty banklardan howpsuzrak diýip düşünilmegine getirdi.

Londonda ýaşaýan yslam maliýe geňeşçisi Mohammad Amin bu düşünjäniň kem-käsleýin dogry, kem-käsleýin hem nädogrudygyny aýdýar.

Amin bu ugurda süýşürintgilere berilýän tölegleri mysal getirýär. Adaty banklarda pul süýşürip goýýanlara kepillendirilen prosent tölegi, mysal üçin, puluny bankda goýany üçin 5 prosent berilýär.

Bankyň eden gazanjyndan paý berilýär

Yslam banklarynda hem müşderiler şol mukdarda pul alýarlar. Ýöne bu olara prosent hökmünde däl-de, bankyň eden gazanjyndan paý hökmünde berilýär.

"Sen puluňy yslam bankynda goýýarsyň. Ol hem bu puly özünde ozal bar bolan pullara goşýar. Ol bu pullar bilen öz söwdasyny ýöredýär. Bu hem beýleki müşderileri pul bilen üpjün etmek. Ýylyň aýagynda bank munuň netijelerini hasaplap görýär. Ol hakykatdan bir ýaramaz ýyly başdan geçirmedik bolsa, saňa, mysal üçin, 5 prosent girdeji berýär. Onuň mundan köpräk ýa azrak bolmagy hem mümkin" diýip, Amin aýdýar.

Aminiň sözlerine görä, ýyl gowy geçmedik bolsa, yslam bankynyň gazanç paýyny bermezligi hem mümkin. Adaty bank bolsa, müşderilere şertnama boýunça wada edilen prosenti bermeli bolýar.

Transaksiýalary alyp-satmak

Yslam banklary-da edil adaty banklar ýaly müşderilere pul karz bermek bilen gazanç edýärler. Ýöne bir bank puly prosenti bilen karz berýan bolsa, yslam banky bu işi transaksiýalary alyp-satmak bilen edýär.

Amin muny şeýle düşündirýär: "Yslam banky saňa 'sen bize haýsy ulagy isleýändigiňi, onuň haýsy zalda sergä goýlandygyny aýt. Biz baryp, şol ulagy alyp, saňa sataly' diýýär. Onsoň yslam banky şol belli ulagy, diýeli 1000 dollara alyp, puluny 36 aýyň içinde tölemeli edip, müşderä 1150 dollara satýar. Yslam banky bu ulagy satyp, gazanç edýär. Ol pul karz bermeýär. Kontraktda hem ulagyň 1150 dollara satylandygy aýdylýar".

Ýöne, adaty banklarda bolşy ýaly, yslam bank ulgamynda hem söwda transaksiýasy töwekgelçilikli däl diýlen zat ýok. Mysal üçin, pul bilen upjün edilen taraplar ony yzyna töläp bilmese, yslam banky hem kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär.

Häzirki günde yslam bank sistemasy global bankçylyk senagatynyň bir ujypsyzja bölegi bolup durýar. Yslam banklarynda saklanýan pullaryň jemi takmynan bir trillion dollara barabar. Bu hem [dünýäniň] global maliýe baýlyklarynyň bir prosenti-de däl. Ýöne yslam bankçylygy indi köp ýurtlarda ösüp gelýär.

Britaniýa öten 7-8 ýyllykda 5 yslam bankyna rugsat etdi. Yslam maliýe institusiýalary Birleşen Ştatlarda hem iş alyp barýarlar. Günbatar Ýewropada-da yslam banklaryny açmak barada planlar bar. Orta Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýada-ha bu banklar köp wagtdan bäri işläp gelýärler.

XS
SM
MD
LG