Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Körli: Türkmenistanda dindarlaryň öýleri dökülýär


23-nji maýda düýbi Norwegiýada ýerleşýän "Forum 18" guramasy 2012-nji ýyl boýunça Türkmenistandaky dini azlyklaryň hak-hukuklarynyň ýagdaýyna syn edip raport çap etdi.

Azatlyk Radiosy agzalýan guramanyň ýolbaşçysy Feliks Körli bilen söhbetdeş bolup guramanyň raportynda agzalýan dini azlyklaryň wekillerine garşy ulanylýan kemsidilmeleriň we basyşlaryň jikme-jikleri bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Siziň edaraňyzyň çap eden raportynda dindarlaryň öýleriniň dökülen ýa-da olara basyş edilen gezekleriniň birnäçesi barada gürrüň edilýär. Beýle wakalaryň köpelýändigini aýtmaga esas barmy?
Feliks Körli: Muny aýtmak örän kyn. Sebäbi biziň her bir dökülen öý, konfiskasiýa edilen dini kitap, her bir edilen basyş, her bir salnan jerime barada, her bir deportasiýa ýa-da wiza bermekden ýüz öwrülen gezekleri barada maglumatymyz ýok.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda beýle wakalar ýygylaşan ýaly, emma şonda-da takyk sany aýtmak kyn.
Azatlyk Radiosy: Raportyňyzda umumyrak agzalyp geçilen wakalar hakda jikme-jik maglumat bermegiňiz mümkinmi? Meselem, haçan, nirede, kime, nähili basyş edilipdir diýen ýaly mysallar?
Feliks Körli: Elbetde, şu ýylyň bahar paslynyň başynda biz Lebap welaýatynda käbir ýowuz ýagdaýlara şaýat bolduk. Şol wakada käbir dini toparlaryň wekillerine polisiýa işgärleri, hökümet resmileri we ymamlar tarapyndan basyş edilip, olardan sorag edilipdir. Olaryň öýleri dökülip, dini kitaplary konfiskasiýa edilipdir
Ondan başga-da agzalýan adamlara 750 manat möçberinde jerime hem salnypdyr. Bu jerime hem Türkmenistanda käbir adamlaryň iki aý ýa-da ondan hem köpräk aýlyk hakyna barabardyr.
Üstesine-de, käbir oba ýerlerinde adamlar ýygnanyşyp dini azlyklaryň agzalaryny ýazgaryp, çagalaryna olaryň çagalary bilen oýnamaga rugsat bermejekdiklerini aýdyp, olaryň toýlara, märekelere çagyrylmajakdygyny duýdurypdyrlar.
Oba jemgyýetindäki beýle çetleşdirmeler çynlakaý kynçylyklary döredýär.
Azatlyk Radiosy: Raportda agzalýan öý dökmek, jerime salmak we basyş etmek ýagdaýlary diňe dini azlyklara garşy ulanylýarmy? Ýogsa, bu basyşlar musulmanlara hem edilýärmi?
Feliks Körli: Hökümet musulman jemgyýetine onuň içinden kontrollyk edýär. Ýagny, ýokary derejeli dini liderler, hatda welaýat we etrap derejesindäki ymamlar hökümet tarapyndan bellenilýär.
Käbir adamlar özleriniň dini liderlerini saýlap bilenoklar. Metjitlerem hökümet tarapyndan goldanýan müftüleriň rugsadyny alman, özbaşdak hereket edip bilenoklar.

Ýanwar aýynda welaýat müftüleriniň hökümet tarapyndan bellenilmegi jemgyýet üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Emma bu Nyýazowyň döwründen bäri dowam edip gelýän ýagdaý. Welaýat ymamlaryna belli bir wagtdan soň başga bir welaýatda işlemäge buýruk berlerdi.
Bu hem sünni bolmadyk musulman toparlary, ýagny şaýy musulmanlary üçin kynçylyk döredýär. Hökümetiň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda şaýy musulman toparlarynyň 5 sanysy hasaba alnan.
Meniň pikirimçe, olaryň ýagdaýy has agyr, meselem, Türkmenbaşydaky şaýy musulmanlar, esasanam, etniki eýranly we azeri şaýylaryň ýurduň daşyndaky dindeşleri bilen aragatnaşyk gurmak mümkinçilikleri gaty çäklendirilen. Şeýle-de musulmanlaryň hökümet tarapyndan kontrolluk edilmeýän öz metjitlerini gurmaga-da mümkinçilikleri ýok.
Ondan başga-da biz Eýrana, Azerbaýjana zyýarat edip, yzyna dolanýan adamlaryň elinden gurhanlarynyň, namazlyklyklarynyň alnan ýagdaýlaryna hem şaýat bolduk.

Bu ýerde aýratynam özbek milletli türkmenistanlylaryň serhediň beýleki tarapynda galan ata-babalarynyň mazarlaryna zyýarata gidýänlerini ýatlap bolar.Olar üçin beýle syýahatlary etmäge rugsat almak gaty kyn bolýar we jogaba uzak garaşmaly bolýar.

Musulmanlara edilýän basyşlaryň iň ulusy hem Haja gitmek meselesi bilen baglydyr. Sebäbi her ýyl bary-ýogy 188 adama haja gitmäge rugsat edilýär. Biziň bilişimize görä, Saud Arabystany her ýyl Türkmenistandan 5000 zyýaratçynyň gelmegine rugsat bermäge taýyn. Türkmen hökümeti bolsa Haja gidip biljek adamlary özi saýlaýar.
Meniň pikirimçe, bu has hem berk kontrollyk etmekdir, sebäbi musulmanlara içinden kontrollyk edilýär, beýleki toparlara bolsa olaryň dini kitaplaryny konfiskasiýa etmek, öýlerini dökmek ýaly usullar arkaly daşardan basyş edilýär.
Azatlyk Radiosy: Hökümetiň howatyrlanmagyna esas barmy?
Feliks Körli: Meniň pikirimçe, bu hökümetiň ähli zada kontrollyk etmek isleginiň bir bölegidir. Bu sowet stilindäki, awtoritar režime mahsus bir hereket, ýagny ýurtda hökümetden bidin hiç zat edilmeli däl.
Hökümet ýurtda media, üýşmeleňlere, oppozision toparlara, syýasy partiýalara, umuman aýdylanda, köpçüligiň toplanan islendik ýerine özi kontrollyk etmek isleýär.
Beýle ýagdaý dini azlykdaky toparlara hem degişli.

Olaryň türkmen hökümetiniň halkara jemgyýetçiliginiň öňünde söz beren zatlaryna eýe bolmak, ýagny islän adamlary bilen duşuşmak, islän wagty ýygnanyşmak, öz kitaplaryny çap etmek erkinligi ýok.
Demokratik jemgyýetlerde adaty diýlip hasaplanylýan zatlar bu ýurtda asla mümkin däl. Dini azlyk toparlary özlerine hökümet tarapyndan hemişe gözegçilik edilýändigini, hökümetiň halamadyk zadyny etseler, onda özlerine garşy çäre görüljekdigini bilýärler.
XS
SM
MD
LG