Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

OFF Kadyrowdan jogap talap edýär


Sişenbe güni Orsýetiň Futbol Federasiýasy Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowdan orsýetli futbol sudýalarynyň korrumpirlenendigi barada bildiren aýyplamalaryny delillendirmekligi talap etdi.

Bu baradaky talabyň teksti Futbol Federasiýasynyň websaýtynda ýerleşdirildi.

Şu hepdäniň duşenbe güni Çeçenistanyň prezidenti žurnalistlere beren interwýusynda mart aýynda ýerli “Terek” komandasy bilen Kazanyň “Rubin” komandasynyň oýnunyň öňýany oýnuň sudýasynyň özünden para sorandygyny aýtdy.

Kadyrow özüniň oňa para bermändigi üçin sudýanyň ýerli komandanyň utulmagy ugrunda çalşyp, adalatsyz sudýalyk edendigini öňe sürdi.

Şol gürrüňi edilýän oýnuň ahyrynda Ramzan Kadyrow stadionda diktoryň mikrofonynyň üsti bilen stadiony ýaňlandyryp, sudýany “satlyk” we “tentek” diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG