Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meret: Türkmenistanda dindarlar yzarlanýar


Aşgabadyň "Är-Togrul" metjidi
Aşgabadyň "Är-Togrul" metjidi
Soňky döwrlerde türkmenistanda dindarlara garşy basyşlaryň barha artýandygy barada, resmi taýdan tassyklanmadyk dürli maglumatlar gowuşýar. Edilýändigi aýdylýan bu basyşlaryň adamlara bolýan täsirleri hem dürli dürli.

Özüni Meret diýip tanadan türkmenistanly dindar şol basyşlar sebäpli, ýurdy terk etmeli bolandygyny aýdyp, öz deň-duşlaryndan onlarçasynyň bolsa ýakyn wagtlarda tussag edilendigini we olaryň tussag edilmegine hiç hili sebäbiň bolmandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda şu wagt ýagdaýlar nähili ildeş?

Meret: Türkmenistanda ýagdaýlar oňadan däl şu wagt. Çärjew bilen Aşgabat başda bolmak bilen beýleki ýerlerde kän dindar oglanlarymyz basyldy. Olaryň arasynda az hem bolsa gynansagam polisiýany duşman hasaplaýanlar bar. Ýöne tutylanlaryň köpüsi hiç hili günäsiz namaz okap ýören oglanlar. Olar hat-da bir garynjanyň hem göwnüne degmejek oglanlar. Şolar köpçülikleýin guramaçylykly hereket edip, hökümede garşy gozagalaň turuzmaga synanyşmaklyk bilen aýyplanýarlar.

Azatlyk Radiosy : Siziň pikiriňize görä näme üçin ylaýta-da dindarlara şeýle çemeleşilýär? Ýa-da şol aýýplamalarda jan barmy?

Meret: Meniň özüm olar ýaly zady eşdemok hem bilemok. Men bu temada öz tanaýan oglanlarymyň päliniň düzüwdigine güwä geçip bilýärin. Olarda asla beýle niýet ýok. Hemmeler eşidendir owal bolan şeýle bir wakany. Rinat Kulyýew diýen bir dindar hem bir disk sebäpli tussag edildi. "(Biz) bidüzgünçilik edýänleri dogry ýola çagyrýarys. Arak içme, haram iş etme diýip ündeýäris. Ýöne sizem bir şolary dogry ýola çagyrsaňyz“ diýip, Türkmenistanyň howupsyzlyk işgärlerine ýüz tutanda, ondan şol adamlaryň diskini getirip bermegini isleýärler. Ana şondan soň olar barada jenaýat işini gozgarys“ diýipdirler.

Ol hem howupsyzlyk işgärlerine ynanyp, baryp bazarda ýaýradylýan bir diskiň kopýasyny getirip berýär welin, ony şol şeýle ahlaksyz diski ýaýratmaklyk bilen aýyplap basyp goýberýärler. Ynha häzir şol bigünä oglan ýitip gitdi. Tussaglygynyň birinji ýyly umumy režimde saklandy. Ondan soň hem iki ýyl agyr şertlerdäki Owadandepe zyndanynda oturdy. Soň ol ýerden hem çykardylar. Ýöne şondan soň onuň nirä gideninden habar bolmady. Ynha häzir Türkmenistan barada gürrüňler şeýle. Şonuň üçinem men şu ýere howupsyzlygyn üçin Stambula gaýtdym. Türkmenistanda şu wagt gaty köseýärler.

Azatlyk Radiosy: Size näme Türkmenistanda bir howup abanýardymy?

Meret: Şu wagt Türkmenistanda namaz okaýan bolsaň we sakgally bolsaň göni wahhabylykda aýyplap, azar berip ýörler oglanlara. Dini tutýan oglanlaryň niýeti Allanyň we pygamberiň ýoluna görä ýaşamaklyk. Hakyky musulmanyň iň ýaman görýän zady il arasynda we ýurt arasynda pitne turuzmaklyk. Şol tutylan oglanlaryň hem iň erbet görýän zady pitne turuzmaklykdy. Dini tutýan oglanlaryň maşynly yzyna düşüp, saklap, zol-zol çagyryp, sakgalyny syrdyryp, şeýdip azar görenler hem bar.

Azatlyk Radiosy: Sakgalyny özi syryp, sakgal goýbermeklikden dänenlere hem azar berilýärmi?

Meret: Sakgalyňy syrsaňam ýa-da şolaryň isleýşi ýaly namaz okaýanam bolsaň, barybir bir bahana tapyp, çeňňege ildirýärler. Üç-dört sany tanyş oglanlarymyz bardy ýöne şeýle asuda-parahat gezip ýören. Howupsyzlyk işgärleri şolaryň öňünden çykyp, ýanyna barýar-da, sen men ýok iki şarpyk çalypdyrlar. Olaram nähak urlansoň garşylyk görkezýärler welin, ondan soň olaryň tanyşlary bilen jemi alty sany dindar oglany basýarlar. Ynha şu wagt Türkmenistanda ýagdaý şeýle.

Azatlyk Radiosy: Siz "Türkmenistanda dini ygtykatlara görä ýaşaýanlara azar berýänleri, olary basyp, gysyş edýändikleri üçin Stambula geldim“ diýdiňiz. Mundan beýläk göz öňünde tutýan maksadyňyz näme Türkiýede galjak bolýaňyzmy ýa-da bosgunlyga ýüz tutsam diýýärsiňizmi?

Meret: Şu wagt belli bir karara gelip bilemok. Bu ýerden hem kän bir umydym ýok. Şu wagt bir işe girdim welin, ýöne ýagdaý gowy däl. "Türkmenistana gidäýsemmikäm? Ýa basaýarlarmyka? Ýene azar bererlermikä?“ diýip gaýgydan şu wagt size anyk bir zat aýdyp bilemok.

Azatlyk Radiosy: Soňky günlerde Türkmenistandan Stambula gaty köp dindar geldi diýen gürrüňler bar. Şol gürrüň dogrymyka?

Meret: Şeýle habary eşitdim. Özüm olary göremok. Ýöne bir-iki sany oglanyň bärik gaýdanyny bilýärin. Alajy bolmansoň agýdýarlar. Bolmasa öz ýurduň ýaly gowy ýer ýok. Öz çagalaryň arasynda, öz ýurduňda arkaýyn gezip, ýaşap ýörseň oňa taý geljek zat ýok. Meniň hem Türkmenistanda gaty gowy işim bardy. Aýlygym alty milliýon manatdan aňyrdady. Hemme zadymyz ýeterlikdi. Ýöne azar berilip duransoň daşary ýurda gaýtmaly boldum.
XS
SM
MD
LG