Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RFE/RL Azerbaýjan babatda beýanat etdi


Anna güni Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy emeli hemra arkaly Azerbaýjanyň territoriýasyna gönükdirilýän efir programmalarynyň daşky signallar arkaly bulaşdyrylýandygyny aýdyp, muňa alada bildirdi.

Azat Ewropa Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň efir programmalaryna “bilkastlaýyn päsgelçilik döretmekligiň” täze bir derejesi bolmagy mümkin diýip hasaplaýandygyny we munuň halkara telekommunikasiýa normalaryna garşy gelýändigini aýdýar.

Radionyň bu barada ýaýradan beýanatynda efir programmalarynyň we şekilleriň bulaşdyrylmagynyň şu ýylyň 28-nji aprelinden başlanyp şu günki güne çenli dowam edýändigi bellenipdir.

Beýanatda hatda radiostansiýanyň täze satelit we telewideniýe kanallaryny ulanyp başlandygyna-da garamazdan, tolkun päsgelçilikleriniň dowam edýändigi bellenilýär.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň ýerine ýetiriji prezidenti Kewin Klos telekommuniksiýa boýunça Azerbaýjanyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny bu ýüze çykan ýagdaýlary derňemeklige çagyrýar.
XS
SM
MD
LG