Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň razwedka gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowden Gon-Kongdan Moskwa baryp düşdi.
Edward Snowden ýakynda Gon-Konga baryp, ABŞ-nyň raýatlaryň telefon we internet aragatnaşyklaryna gözegçilik ediji gizlin programmasy baradaky maglumatlary jemgyýetçilige äşgär edipdi.
Bu wakanyň yzy bilen ABŞ-nyň prokuraturasy oňa içalyçylykda, maglumat ogurlygynda we gizlin maglumatlary meýletinlik bilen äşgär etmekde jenaýat aýyplamalaryny bildirip, Gon-Kongyň häkimiýetlerinden ony tussag etmeklikli sorady.
Emma ýekşenbe güni Gon-Kongyň hökümeti öz ýaýradan resmi beýanatynda Edward Snowdeniň Gon-Kongyň territoriýasyny terk etmegine päsgel bermek üçin hiç hili kanuny esasyň ýokdugyny mälim etdi.
“Aeroflot” kompaniýasynyň metbugat sekretary Edward Snowdeniň Kubanyň paýtagty Gawana uçýan uçar üçin bilet rezerwasiýa edendigini we ol uçaryň bolsa Gawana tarap 24-nji iýunda öýlän ýola düşýändigini aýtdy.
Ol Gawanadan hem Edward Snowdeniň Wenesuelanyň paýtagty Karakasa uçmaklygy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.