Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara sudunda kit meselesi durýar


Çarşenbe güni Hagadaky Halkara sudunda deňiz kitleriniň öldürilmegi bilen bagly Awstraliýanyň Ýaponiýa garşy şikaýatyna garalyp başlandy.

Awstraliýanyň hökümet ýuristi Bill Kampbell çarşenbe güni Halkara sudunda eden çykyşynda Ýaponiýanyň “ylmy programma” diýip atlandyrýan çärelerini kitleriň söwdasyny ýola goýmak üçin “perdä duwlanan çäre” diýip atlandyrdy.

“Gysgaça aýdylanda, kommersiýa maksatlary üçin kitleriň awlanmagyny Ýaponiýa ylmyň perdesine duwlamaga çalyşýar. Suda tabşyrylan ýazmaça subutnamalardan hem her ýyl ýüzlerçe kitiň öldürilmeginiň ylmy maksatly çäredigine ýaponiýaly raýatlardan-da örän az adamyň ynanýandygyny aýdyň görmek bolýar. Bu iş ylym bilen asla baglanyşykly däl” diýip, awstraliýaly adwokat sud diňlenişiginde nygtady.

Awstraliýa Ýaponiýanyň “ylmy programma” diýip atlandyrýan çäreleriniň netijesinde 1988-nji ýyldan bäri 10 müňden gowrak kitiň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG