Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa: Dawaly kanun taslamasy kabul edildi


Çarşenbe güni Gresiýanyň parlamenti jemgyýetçilik ulgamyndaky işgärleriň işden boşadylmagy baradaky kanun taslamasyna ses berdi. Bu kanun taslamasy, ujypsyzja köpçülik bilen, kabul edildi.

Bu çäräniň geçirilmegi Ýewropa bileleşiginiň we Halkara walýuta fondunyň 7 million ýewro golaý pul kömegini almak üçin zerur şert bolup durýardy.

Gresiýanyň kanun çykaryjylary agzalýan kanun taslamany gözden geçirýärkä, ýurduň parlamentiniň daşynda müňlerçe adam çöken ykdysadyýete garşy şygarlary gegyryp, protest geçirdi.

Agzalýan kanun taslamasy jemgyýetçilik ulgamyndaky 25 müň işgäriň başga işe geçirilmegini ýa-da işden boşadylmagy baradaky çäreleri öz içine alýan maksatnamadan ybaratdyr.

Şol jemgyýetçilik işgärleri mugallymlardan we polisiýa işgärlerinden ybarat bolup, olar bu kanun taslamasyny protest etmek maksady bilen, bir hepde bäri ýörişleri we mitingleri geçirýärler.

Bu kanun taslamasy Germaniýanyň maliýe ministri Wolfang Şoýble Afina sapar etmezinden birnäçe sagat öň kabul edildi. Ol 2009-njy ýylda Gresiýada başlan krizisden soň, ilkinji gezek Afina sapar edýär.
XS
SM
MD
LG