ABŞ-nyň ýardam beriji guramasy Owganystanda zenanlara ýardam bermek boýunça programmasyna başlamakçy bolýar. USAID ýagny Halkara ösüş agentliginiň aýtmagyna görä, programma 18 we 30 ýaşlar aralygyndaky 75 müň zenana bilim bermegi, türgenleşdirmegi we olaryň mümkinçiliklerini artdyrmagy göz öňünde tutýar.
USAID-iň penşenbe güni aýtmagyna görä, bäş ýyl möhleti bilen başlanýan programmanyň çäginde aýallaryň hak-hukuklaryny goraýjy toparlary güýçlendirmek, aýallaryň ykdysadyýetdäki roluny artdyrmak we zenanlaryň hökümetiň düzüminde karar çykaryjy wezipelerde ornaşmagyny gazanmak göz öňünde tutulýar.
ABŞ-nyň hökümeti bu programma 200 müň dollar pul ýatyrjagyny aýdýar, ýene 200 müň dollaryň halkara donorlary tarapyndan sarp edilmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda owgan zenanlary ýurduň Talybanyň goly astynda bolan döwri bilen deňeşdirilende has erkin ýaşaýarlar, muňa garamazdan Owganystan aýallaryň roluny çäklendirýän ýurt bolmagyna galýar.