Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam ogrusy günäsini boýun alýar


3 sany aýaly ogurlamakda, zorlamakda we gynamakda aýyplanýan amerikaly erkek ölüm jezasyndan gutulmak üçin günäsini boýun aldy.

Ol bu üç aýaly on ýyl çemesi öz öýünde saklapdyr.

Prokurorlar 53 ýaşyndaky Ariýel Kastronyň günäsini boýun alany üçin ömürlik tussag ediljegini, onuň wagtyndan öň goýberilmejegini we goşmaça hem bir müň ýyl tussaglyk alýandygyny aýtdylar.

Klewlandda mekdep awtobusynyň sürüjisi bolup işlän Kastro müňe golaý jenaýatda güman edilýär, olaryň arasynda bilkastdan adam öldürmek hem bar.

2000-nji ýyllaryň başlarynda ýitirim bolan üç zenan 14, 16, 20 ýaşlaryndady. Olar Kastronyň öýünden 6-njy maýda gaçdylar.

Olar bilen Kastronyň şol aýallaryň birinden bolan 6 ýaşly gyzy hem gaçdy.
XS
SM
MD
LG