Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Ahalaýan aklandy


Gürjüstanyň sudy prezident Mihail Saakaşwiliniň ýarany Baço Ahalaýany ýurduň goranmak ministri bolan döwründe wezipesini betniýetli ulanmak, adamlary bikanun türmä basmak we olara zorluk etmek aýyplamalarynda günäsiz tapdy.

Penşenbe güni aklananlaryň arasynda armiýanyň öňki baş komandiwiýuşisi Giorgi Kalandadze ýaly tussaglar hem bardy.

Ahalaýa aýry-aýrylykdaky iki sud işinde hem meňzeş aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy üçin, entek hem türmede saklanar. Ol 2012-nji ýylyň noýabr aýynda tussag edilipdi.

Sakaşwiliniň “Birleşen milli hereket” partiýasynyň 2012-nji ýylyň oktýabr aýyndaky saýlawlarda ýeňilmegi bilen Mihail Saakaşwiliniň Ahalaýa ýaly ençeme ýaranynyň garşysyna sud işleri gozgalypdy.
XS
SM
MD
LG