Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seýfettin: 'Berdimuhamedow örän möhüm ädim ätdi'


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji awgustda eden çykyşynda ýurtda köppartiýalylyk sistemasyna geçmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen ýurdy dolandyrýan demokratik partiýanyň ýolbaşçylyk wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Türkiýe hem 1923-nji ýylda respublikan sistema geçenden soň, ençeme ýyllap bir partiýa tarapyndan dolandyrylyp, soňy bilen köp partiýalylyk sistemasyna geçipdi. Eýsem, türkiýeli ekspertler Türkmenistandaky bu ýagdaýa nähili baha berýärler? Iň esasy sorag: Türkiýäniň demokratiýa geçiş döwrüniň ilkibaşdaky tapgyrlary bilen Türkmenistanda häzirki döwürde bolup geçýän ýagdaýlary deňeşdirmek mümkinmi?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen düýbi Ankarada ýerleşýän Gazi uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça bölüminiň professory we ençeme ýyl Türkmenistanda ýaşan doktor Mehmet Seýfettin Erol bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Doktor Seýfettin, şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýetdäki syýasy partiýanyň – Demokratik partiýanyň başlyklykdan çekilýändigini yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, munuň sebäbi Türkmenistanda köppartiýalylyk sistemasyna geçmek üçin şert döretmekden ybarat. Siz bu ýagdaýa nähili baha berýärsiňiz?

Doktor Seýfettin: Hakykatda, Berdimuhamedowyň bu sözleri mundan birnäçe ýyl öň hem gün tertibine gelipdi. Hatda şol döwürlerde Gazagystanda hem şuňa meňzeş gürrüňler bolupdy. Şonda Türkmenistanyň köppartiýalylyga geçjekdigi we şonuň netijesinde demokratiýalaşmak prosesinde bir ädim öňe gidiljekdigi nygtalypdy.

Şeýle-de, şol döwürden bäri Türkmenistanda käbir özgerişikler bolup geçdi. Soňky gürrüňler hem öňümizdäki ýyldan başlap demokratiýalaşmak döwrüniň takyk ädimler bilen iş ýüzünde ýola goýuljakdygyny we kontrol astyndaky demokratiýalaşmak döwründe täze bir tapgyra girilendigini aňladýar.

Şeýle-de ýene-de bir zady belläp geçmeli, Sowet Soýuzy dargandan soňra Täjigistandaky uruş we soňra Gyrgyzystanda dörän bulaşyklyklary göz öňünde tutanymyzda, bu territoriýadaky döwletleriň kontrol astyndaky demokratiýalaşmany ýola goýmagy wajyp bolup görünýär.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagt Türkmenistanda şeýle köppartiýaly sistemanyň emele gelmegi üçin ähli şertler döredilenmi?

Doktor Seýfettin: Eger Berdimuhamedow şeýle netijä gelen bolsa, ilki bilen bu Türkmenistanda häkimiýetiň köppartiýaly durmuşda gelen tapgyryny görkezmek nukdaynazaryndan örän wajypdyr. Şonuň üçin hem şeýle döwürlerde ilki bilen eýelenýän syýasy pozisiýa möhüm. Häzirki wagtda prezident Berdimuhamedowyň eden bu beýanaty, meniň pikirimçe, ýetilen tapgyry görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Doktor Seýfettin, siziň hem belläp geçişiňiz ýaly Türkmenistanda köppartiýalylyga geçmek meselesi barada mundan öň hem gürrüň edilipdi. Berdimuhamedow bu meselede özüniň bu gezek meselä çynlakaý çemeleşýändigini görkezmek üçin näme etmeli?

Doktor Seýfettin: Meniň pikirimçe, özüni häkimiýete getiren bir partiýadan aýrylmagyň özi möhüm bir ädim. Şeýle-de, Türkmenistanda köppartiýalylyga geçiş döwründe ýurduň agzybirligini, düzgün-tertibini, durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin jenap Berdimuhamedow öz üstüne düşeni etjekdigini mundan öň hem belläp geçipdi.

Men bu meselede ”Arap bahary” diýilýän protestleriň öňümizdäki günlerde Kawkaz, Türküstan baharlaryna öwrülmeginden alada edýärin. Şeýle ýagdaý hem öňki sowet ýurtlarynda çynlakaý manyda durnuksyzlyklaryň emele gelmegine sebäp bolup biler.

Jenap Berdimuhamedowyň köpparrtiýalylyk ugrunda başlan bu döwrüne iň uly howp şeýle zatlardan abanyp biler. Şol bir wagtyň özünde-de Berdimuhamedow şu hereketi bilen ýurtda bolaýmagy mümkin närazylyklaryň öňüni almak jähtinden hem möhüm ädim ätdi diýip bolar.

Azatlyk Radiosy: Doktor Seýfettin, Türkiýe bu berk düzgün, demokratiýalaşmak döwrüni başdan-aýak ýaşan ýurt. Türkmenistanyň häzirki döwrüni Türkiýäniň demokratiýalaşmak prosesine başlan döwri bilen deňeşdirip bolarmy?

Doktor Seýfettin: Elbetde. Emma Türkiýäniň başdan geçiren prosesiniň iki tapgyrdan ybaratdygyny aýtmak mümkin. Türkiýe respublika sistemasy döredilen möhletinden başlap, ýagny 1923-nji ýyldan başlap 1950-nji ýyla çenli bir partiýa tarapyndan dolandyryldy.

Emma köppartiýalylyk sistemasyna geçmek boýunça Atatürküň döwründe iki gezek synanyşylýar, ýöne şol synanyşyklaryň ikisi hem şowsuzlyk bilen tamamlanýar.
Soňra Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy bilen, Sowet ýa-da Stalin talaplary diýlip atlandyrylan talaplaryň netijesinde, Türkiýe Günbatara ýakynlaşýar. Günbatar bileleşiginde orun tapmagyň şertlerinden biri hem demokratiýa we köppartiýalylykdyr.

Şeýlelikde Türkiýe 1946-njy ýylda köppartiýalylyga geçmek kararyna gelýär we 1950-nji ýylda hem oppozision Demokratik partiýa häkimiýet başyna gelýär.
Şeýlelikde bärde köppartiýalylyga geçmek boýunça iki ýagdaý hakda gürrüň etmek mümkin. Olaryň birinjisi ýurduň öz islegi, beýlekisi hem halkara jemgyýetçiliginiň edýän basyşlarynyň netijesi.

Häzirki gün Türkmenistanyň köppartýalylyga geçiş döwrüniň Türkiýe bilen parallel tarapy şulardan ybarat, ýagny ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanyň özi köppartiýalylyga geçmek isleýär.

Ikinjisi hem, regional we halkara bileleşikleriň basyşlary. Ýagny, regionda Russiýanyň täsiriniň artmagy Türkmenistanyň regionda köp ugurly, köp taraply gatnaşyklary ýola goýmagyna itergi berýär. Türkmenistan her näçe bitarap ýurt diýilse hem, şu taýda bellemek isleýän zadym, Türkmenistanyň Bitaraplygy, onuň howpsuzlygyna 100% kepil geçmeýär.

Şeýlelikde Türkmenistan daşary syýasatda deňagramly we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaly bolýar. Bu ylaýta-da, regionda Orsýetiň hem Hytaýyň täsiri bilen bagly deňagramlylygy goramak üçin zerurdyr.

Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň gelen bu karary hem köp ugurlylyga daýanýan ýurduň daşary syýasatynyň deňagramlylygyny goramak nukdaynazaryndan möhüm. Şeýle-de, bu karar Türkmenistanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryna indi has köp üns berjekdigini hem görkezip biler.
XS
SM
MD
LG