Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland: Eýranlylar türmä höküm edildi


Taýlandyň sudy bir eýranlyny ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi, beýlekisine 15 ýyl iş kesdi. Eýranlylar bomba partlamasyny amala aşyrmak boýunça dildüwşüklige gatnaşmakda aýyplandy.

Derňewçiler planlaşdyrylan bomba partlamasynyň Ysraýylyň Bangkokdaky diplomatlaryna hüjüm etmegi göz öňünde tutandygyny hasap edýärler.

Said Moradi taýlandly polisiýa işgärini öldürmäge synanyşmakda we partlaýjy maddalary saklamakda günäli tapyldy we penşenbe güni ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Muhammad Karzeý partlaýjy maddalary saklamakda aýyplanyp 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Eýranlylaryň ikisi-de özlerine bildirilen günäni ret etdi.

Şaýatlar bombanyň wagtyndan öň tötänden partlandygyny aýdýarlar. 2012-nji ýylyň fewral aýynda Bangkokda bolan bu wakadan öň Ysraýylyň diplomatlary Gürjüstanda we Hindistanda hüjümlere sezewar edilipdi. Ysraýyl eýran resmilerini Ysraýyl döwletine garşy terrorçylyk kampaniýasyny gurnamakda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG