Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarowsk: Suwuň derejesi ýokarlanýar


Amur derýasynda suw derejesiniň 700 santimetr ýokary galmagy bilen Habarowskyň ilaty ewakuasiýa edilip başlandy. Penşenbe güni ýerli resmiler suwuň derejesiniň mundan hem has ýokary bolup biljekdigini duýdurdylar.

Ýerli meteorologiýa gullugyna görä, 29-njy awgustda suwuň derejesiniň 780 santimetre ýetmegi ähtimal. Şäheriň häkimi suw alan ýerlerden göçürilýän ilat üçin wagtlaýyn gaçalgalaryň döredilendigini habar berdi.

Amur derýasynyň Komsomolsk-na-Amure şäheriniň golaýyndaky böleklerinde suwuň derejesi eýýäm galyp, Habarowskdan 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu ýerleri eýýäm suw alyp başlapdyr.

Orsýetiň hökümeti derýanyň kenarynda böwetleri dikmek we öýlerini suw alan müňlerçe adama ýardam bermek üçin regiona harbylaryny ýollady. Amur derýasynyň Hytaýa degişli tarapynda ençeme adamyň heläk bolandygy barada habar berilýär.
XS
SM
MD
LG