Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: BMG-niň barlagy dowam edýär


BMG-niň derňewçileri Damaskyň golaýynda himiki ýaraglaryň ulanylmagy barada berilen maglumatlar boýunça barlaglaryň ikinji gününe başladylar. Duşenbe güni inspektorlar özleriniň oka tutulmagyna garamazdan geçen çarşenbe güni hüjümleriň edilen ýerleriniň birinden synag geçirmek üçin nusga aldylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri habar berilen himiki hüjümleri “ahlaga ters gelýän” ýagdaý, diýip atlandyrdy. Düşenbe günki çykyşynda Kerri ýüzlerçe adamyň ölümine getiren hüjümlere baş goşanlaryň halkara kadalaryna laýyklykda jogap bermelidigini aýtdy we bu barada Assadyň režimine duýduryş berilendigini aýtdy.

Kerri ABŞ-da goşmaça maglumatlaryň bardygyny we olaryň ýakyn günlerde çap edilip bilinjekdigini hem belledi.

Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assadyň režimine garşy güýç ulanmazlyga çagyrdy we munuň “betbagtçylykly netijelere” getirmeginiň ähtimaldygyny aýtdy. Şeýle-de, Moskwa Siriýadaky krizisy maslahat etmek üçin ABŞ-nyň we Orsýetiň diplomatlarynyň arasynda çarşenbe güni duşuşyk geçirilmeginden Waşingtonyň boýun gaçyrmagyna gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG