Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Azerbaýjanda azatlyga basyş edilýär


“Human Rights Watch” guramasy 9-njy oktýabrda Azerbaýjanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda ýurduň hökümeti häkimiýetden üzňe pikirde bolanlara garşy “ýörite” strategiýa alyp barýar diýdi.

Duşenbe güni ýaýradylan raportda, “Human Rights Watch” guramasy Azerbaýjanyň ýolbaşçylaryny oppozisiýanyň syýasy işlerini, hökümetiň köpçülikde tankyt edilmegini çäklendirmekde we döwlete degişli däl guramalaryň üstünden gözegçiligi aşa artdyrmakda aýyplaýar.

Raportda azeri resmileri ýurtda prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görülýärkä, özüňi beýan etmek, ýygnanyşmak we bileleşmek babatdaky erkinlige çäklendirmeleri artdyrdy diýilýär. Şol saýlawlarda häzirki wagt häkimiýet başyndaky prezident Ylham Aliýewiň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Şeýle-de agzalýan guramanyň raportynda, Azerbaýjanda soňky 18 aýyň dowamynda özüňi beýan etmek, ýygnanyşmak we bileleşmek erkinliginiň “güýçli depginde erbetleşmegine” azeri resmileriniň jogapkärdigi nygtalýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň ýaýradan raportynda, azeri ýolbaşçylarynyň “galp aýyplamalar” esasynda onlarça aktiwisti, tankytçy žurnalistleri tussag edendigi we parahatçylykly geçirilýän köpçülikleýin demonstrasiýalary dargadandygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG