Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Polisiýa bilen protestçiler çaknyşdy


Çarşenbe güni gije Türkiýäniň günortasynda demonstrantlar bilen polisiýa işgärleri çaknyşdy. Bu çaknyşyklar eýýäm yzly-yzyna üç gije bäri dowam edýär.

Şeýle-de, Türkiýäniň Ankara we Stambul şäherleriniň käbir ýerlerinde hem demonstrantlar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar boldy.

Türkiýäniň günortasyndaky Hataýda 200 töweregi adam polisiýa garşy çykyş etdi. Polisiýa hem olara göz ýaşardyjy gazy we suw toplaryny atyp garşylyk görkezdi.

Türkiýede täze dörän bu dartgynlyk 22 ýaşly protestçi Ahmet Atakanyň jynazasyndan bir gün soň bolup geçdi. Onuň protestlerde ýogalmagy demonstrantlaryň hökümete garşy gahar-gazabynyň täzeden döremegine sebäp boldy.

Soňky döwür iýun aýynda Türkiýede premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetine garşy müňlerçe adamyň köçä çykmagy netijesinde dörän protestler sowap başlapdy.
XS
SM
MD
LG