Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ýaşaýyş jaý gytçylygy duýulýar


Türkmenabat şäherindäki jaýlaryň biri
Türkmenabat şäherindäki jaýlaryň biri
Soňky wagtlarda Türkmenabadyň awtobus duralgalarynda kwartira ýa daça satylýar diýen bildirişlere ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.

Bildiriş
Bildiriş
Hususy jaý eýeleri tarapyndan goýulýan şol bildirişlerde, adatça, satuwa çykarylan jaýlar we onuň eýesiniň aragatnaşyk maglumatlary ýerleşdirilýär. Satuwdaky jaýlaryň aglabasy bolsa iki otagly kwartiralardan ybarat.

Emma satuwa çykarylan jaýlaryň sanynyň köpelmegi olaryň bahalarynyň peselendigini aňlatmaýar. Mundan birnäçe ýyl öňki nyrhlar bilen deňeşdirilende, hatda Türkmenabatda jaýlaryň häzirki bahasy ençeme esse ýokary.

Meselem, Türkmenabat şäheriniň himikler köşgi diýen mikroraýonyndaky iki otagly jaýlaryň bahasy 35-40 müň dollar aralygynda. Jaýyň ýagdaýyna we raýonyna görä, onuň bahasy üýtgeýär. Şäheriň merkezine ýakynlaşdygyça, jaýlaryň bahalary barha gymmatlaýar.

Daça ýerleri barada aýdylanda bolsa, 6-8 sotuklyk boş meýdanyň bahasy ortaça 5 müň dollar.

Mundan 10 ýyl ozal-da, şol mikroraýonlardaky iki otagly jaýy 5-10000 $ aralygynda alyp bolýardy. Garaşsyzlyk ýyllarynda azlykdaky beýleki milletleriň ýurdy terk etmegi bilen, jaýlaryň bahasynyň şol ýyllarda ondan hem peselen döwürleri bolupdy.

Ilat sany artdy

Emma soňky ýyllaryň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň barha gymmatlamagynyň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili düşündiriş berilmeýär, ýöne onuň bir sebäbi welin, Türkmenabadyň ilat sanynyň soňky 10-15 ýylyň dowamynda göz-görtele artandygy bilen bagly bolsa gerek.

Türkmenistanda kadaly ilat ýazuwy geçirilmänsoň, Türkmenabadyň ilat sanynyň edil häzirki wagtda näçedigini aýtmak kyn. Emma 2009-njy ýylda onuň 254,000 adam we ondan 20 ýyl ozal, ýagny 1989-njy ýylda bolsa 161,000 adama barabar bolandygy barada maglumatlar bar.

Emma ilat sanynyň şeýle çalt ýokarlanmagyna garamazdan, ýurduň ikinji uly şäheri diýlip hasaplanýan Türkmenabatda ilaty jaý bilen üpjün etmek üçin ýeterlik çäre görülmedi, ýaşaýyş jaýlarynyň aglabasy henizem sowet döwründe gurlan kwartiralardan ybarat.

Türkmenabatda garaşsyzlyk ýyllarynda, esasanam, soňky ýyllaryň dowamynda hökümet tarapyndan gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň sany hem Aşgabat bilen deňeşdirilende gaty ujypsyz we gurlan jaýlaryň bahasy hem adaty adamlar üçin elýeter däl.

“Elitka”

Türkmenabadyň ”Gozgalmaýan emläk biržasynda” abadanlaşdyryp gurulýan, il arasynda “elitka” diýilýän binalarda, ortaça aýdylanda, bir otagly jaýlar üçin 37-40 müň, iki otag üçin 47-50 müň, üç otagly jaýlar üçin bolsa 57-60 müň dollar baha kesilipdir. Elbetde, olaryň bahasy ýerleşýän raýonyna görä üýtgeýär.

Resmi taýdan Türkmenabatda ýaşaýyş jaýalaryna bolan zerurlyk we bu talaby ödemek üçin nähili işler edilýändigi barada köpçülige takyk maglumat berilmeýär. Emma şol bir wagtyň özünde-de jaýlaryň bahasynyň ýokarlanmagy, olaryň gytçylygyna we netijede kireýleriniň ýokarlanmagyna-da sebäp bolýar.

Türkmenabatda ortaça aýlyk, 300-400 dollar aralygynda bolup, şäheriň abadrak böleginde iki-üç otagly jaýlaryň aýlyk kireýi 100-150 dollar aralygynda. Onsoň bu, esasanam, işsiz galan adamlary we ýaş çatynjalary kyn ýagdaýa salýar.

Şeýle ýagdaýda durnukly işi bolmadyk ýaşlar bolsa öz ene-atalarynyň ýanynda galmaga mejbur bolýarlar. Eger bir maşgalanyň ikiden köp ýetişen ogullary bolsa, onda jaý ýetmezçiligi diňe ýaşlary däl, şeýle ýagdaýdaky ýaşlaryň ene-atalaryny hem kyn ýagdaýda goýýar.
XS
SM
MD
LG