Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa: Öňki komandir aklandy


Öňki etnik alban söweşiji komandiri we häzirki wagt syýasatçy Fatmir Limaj 1998-99-njy ýyllardaky Kosowa dawasy döwründäki uruş aýyplamalarynda günäsiz tapyldy.

Kosowa azat ediş armiýasynyň öňki ýokary derejeli komandiri Limaj premýer-ministr Haşim Taçiniň ýakyn ýaranydyr. Taçiniň özi hem Kosowa azat ediş armiýasynyň komandiridir.

Limaj Kosowa azat ediş armiýasynyň gözegçiligindäki lagerde serbiýaly tussaglary öldürmek we gynamak aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

Bu aýyplamalar agzalýan lageriň öňki garawulynyň ýazan gündeligine we şaýatlyk görkezmelerine esaslanýardy. Gürrüňi edilýän garawulyň Germaniýada jesedi tapylmazdan ozal, ol bu sud işiniň esasy şaýadydy.

Sişenbe güni Pristinada Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylygyndaky sud lagerde serbiýaly raýatlaryň öldürilendigini, emma prokurorlaryň şol öldürmeler bilen baglanyşykly Limajyň we onuň bilen aýyplanýan başga-da dokuz adamyň ilteşigniň bardygyny tassyklamakda şowsuz bolandygyny mälim etdi.

Limaj eýýäm üçünji sapar uruş-jenaýaty aýyplamalaryndan aklandy.
XS
SM
MD
LG