Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda garažlar ýumrulýar


Aşgabatdaky ýumrulan garažlaryň biri.
Aşgabatdaky ýumrulan garažlaryň biri.
Aşgabat şäheriniň birnäçe raýonlarynda hususy awtoulag garažlary ýumrulyp, ýok edildi. Ýumrulan garažlar, esasanam, paýtagtyň 1, 3, 4, 5, 6-njy mikroraýonlarynda ýerleşýär. Bu iş şol mikroraýonlardaky käbir goşmaça gurluşyklarydyr howlulary ýumurmak bilen bile amala aşyryldy we henizem dowam edýär.

Agzalýan raýonlaryň ýaşaýjylarynyň aglabasy öz awtoulaglaryny ýaşaýan jaýlarynyň golaýynda gurlan howlularda goýýardylar. Garažlary ýumrulansoň, olar häzir awtoulaglaryny goýara goragly duralga tapmakda hem kynçylyk çekýärler. Sebäbi şol raýonlaryň köpüsinde awtoduralga ýok.

Şol raýonlaryň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, awtoulaglaryň köçelerde goýulmagy şäherde ogurlygyň köpelmegine sebäp bolupdyr. Şeýle ýerlerden birem Büzmeýin.

“Maşynlaryň tekerleri, çyralary, şeýle-de awtoulagyň markasyny görkezýän nyşanlary ogurlanýar. Bu hili ogurlyk birnäçe ýyl mundan ozal hem bardy. Maşynlaryň köçelerde goýulmagy, bu hili ogurlyga gaýtadan badalga berdi” diýip, özüni Baýram diýip tanadan Büzmeýiniň Güneş şäherçesiniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýagdaý 5-nji mikroraýonda hem o diýen tapawutly däl.

“Esasanam şäheriň merkezden daşdaky raýonlarynda awtoulag detallarynyň ogurlygy köpelýär. Garaž bolmansoň, maşynlary açyk ýerde goýmaly bolýar, ogurlygyň köpelmeginiň sebäbi şu” diýip, 5-nji mikroraýonyň ýaşaýjysy, 42 ýaşly Öwez gürrüň berýär.

“Kompensasiýa tölenmeýär”

Hususy garažlary ýumrulan ýaşaýjylaryň käbirleri, garažlarynyň ýerli häkimiýetler tarapyndan ýykylýandygyny, emma degişli resminamalarynyň bardygyna garamazdan, özlerine kompensasiýa tölenmeýändigini hem gürrüň berýärler.

Paýtagtda hususy garažlaryň ýumrulmagyny häkimiýetler täze köpgatly garažlaryň guruljakdygy bilen düşündirýärler. 9-njy sentýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideogörnüşli hökümet maslahatynda hem paýtagtyň häkimi R.Nurmämmedow ýurt baştutanyna şeýle garažlaryň taslamasyny hödürledi.

Emma bu garažlaryň haçan we haýsy raýonlarda guruljakdygy barada häzirlikçe takyk maglumat berilmedi. Şonuň üçinem garažsyz galan awtoulag eýeleri gündelik diýen ýaly öz ulaglarynyň şaýlarynyň ogurlanmak ünjüsi bilen ýaşaýarlar.

Köpgatly garažlar

Ýeri gelende aýtsak, gurulmagy meýilleşdirilýän garažlara meňzeş garažlaryň üç sanysy Aşgabadyň Parahat-1-2 mikroraýonlarynda eýýäm gurlup, ulanmaga tabşyryldy. 1-nji sentýabrda açylan bu garažlaryň hersi 400-e golaý awtoulag goýmaga niýetlenen.

Emma bu garažlaryň ýerleşýän ýerleri köp halatlarda ýaşaýyş jaýlaryndan uzak, galyberse-de käbir awtoulag eýeleri, olaryň gündelik 1.20 teňňe diýlip kesgitlenen töleginiň ýokarydygyny aýdyp, gadagandygyna garamazdan, öz awtoulaglaryny köçelerde goýýarlar.

Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin, iň bärkisi Parahat-1-nji we Parahat-2-nji mikroraýonlary barada gürrüň edilende, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoulagy aýlanyp, awtoulaglaryň belgilerini atlandyryp, olaryň eýelerinden öz ulaglaryny täze garažlarda goýmagy talap edýärler.

Bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjegi we nähili tamamlanjagy belli däl, ýöne häzirlikçe awtoulag eýeleriniň hersi, ýagdaýa özleriçe çözgüt tapmaga synanyşýarlar. Ulaglaryň şaýlarynyň ogurlanmagy bolsa, aýdylyşyna görä, gün saýyn artýar.
XS
SM
MD
LG