Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Mümkinçilik bar, şertleri agyr"


Mobil aragatnaşyk telefonlary üçin kartoçkalar satylýan dükan
Mobil aragatnaşyk telefonlary üçin kartoçkalar satylýan dükan
18-nji sentýabrdan başlap ”Altyn asyr” TMCELL kompaniýasy dördünji görnüşiň ulgamy (4G) LTE tilsimatyny ulanmaklygy girizýändigini habar berdi. Bu beýanat Aşgabatda “Türkmentel-2013” atly aragatnaşyk boýunça halkara serginiň geçirilýän pursatyna gabat geldi.

Bu kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen bildirişde 4G-niň tizligi barada şeýle diýilýär: “Gözüňüzi açyp-ýummak salymda suratlary açyp, poçta göz aýlap, faýllary yükläp, HD hilindäki on-laýn wideolary görüp we saz diňläp bilersiňiz”. (Bildirişiň orfografiýasy TMCELL-iň saýtyna degişli; seret: http://www.tmcell.tm/).

Il içinde “Altyn asyr” diýip tanalýan bu kompaniýanyň işindäki özgerişliklere onuň müşderileri köpden bäri garaşýardylar. Işi internete berk bagly türkmenistanlylar üçin bu, elbetde, gowy habar. Emma adaty internet ulanyjylar üçin welin, onuň elýeterli boljagyny aýdara esas azrak.

TMCELL-iň hyzmat ediş ofisinde berlen maglumatlar boýunça, 4G aragatnaşygyny birikdirmek üçin 500 manat tölemeli. Şonda müşderi 5Gb internet trafiginden peýdalanyp bilýär. Bu 4G internediniň 1Mb trafiginiň bahasy 10 teňňe bolýar diýmekdir.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hödürlenýär

Bu internet paketi bir aý möhlet bilen hereket edýär. Ýagny, 500 manatlyk bu paketi bir aýda ulanyp gutarmaly. Şeýle-de ol häzirlikçe diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hödürlenýär. “Mümkinçiligiň bolmagy gowy, ýöne şertleri agyr” diýip, özüni Kakabaý diýip tanadan 32 ýaşly aşgabatly bu barada şeýle diýdi: “Iň bolmanda bu paketiň ulanylyş möhleti goýulmadyk bolsady, onda 4G internetden peýdalanjaklar köpelerdi”.

4G internediň bahasynyň häzirki ýagdaýynda “Altyn asyryň” müşderileriniň köpüsi öňki ýaly 3G internet aragatnaşygyndan peýdalanmaly bolýarlar. Emma onuň hilem öwerlik däl. Hatda soňky birnäçe günleriň dowamynda “Altyn asyryň” 3G ineternediniň hili örän pese gaçdy.

“Iň bärkisi öz poçtaňa girmek hem kyn, aram-aram aragatnaşygyň ýitmegi ýa-da üzülmegi bolsa adata öwrüldi” diýip, “Altyn asyryň” beýleki bir müşderisi Azat gürrüň berýär.

Emma 17-nji sentýabr gijesinde “Altyn asyryň” 3G internediniň hilinde düýpli özgeriş bolup geçdi. Şol gije onuň hili we tizligi ýokarlandy. Onuň sebäbi barada takyk maglumat ýok. Emma käbir internet ulanyjylar munuň 16-njy sentýabrda açylan “Türkmentel-2013” halkara sergi we maslahat bilen baglanyşygynyň bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

“Uçanokdy”

“Bu sergä gelen daşary ýurtlulara görkezmek üçin ediläýen bolmasa, ýogsam onuň 3G internedi öň beýdip “uçanokdy” diýip, ”Altyn asyryň” müşderilerinden Azat Azatlyk Radiosyna beren gürrüňiniň dowamynda aýtdy.

Käbirleri, agzalýan sergi öz işini tamamlansoň, 3G internediň hili öňküsi ýaly bolar diýip çaklaýarlar. 4G internet aragatnaşygynyň şu günler girizilmegini hem şol halkara çäresi bilen baglanyşdyrýanlar bar.

Şol bir wagtyň özünde-de internediň hiliniň o diýen öwerlikli bolmandygyna garamazdan, TMCELL ýurtda manapoliýany öz kontrolynda saklaýar. 13-nji sentýabrda ýaýradan beýanatyna görä, onuň müşderileriniň sany 3,5 milliona ýetipdir. Bu Türkmenistanyň ilatynyň ýarpysyndan hem gowragyna deňdir.
XS
SM
MD
LG