Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtda ýaşaýyş jaýy ýandy


Aşgabadyň Gurbandurdyýew köçesiniň 39-njy jaýynda ýangyn boldy. 26-njy sentýabar, 2013 ý.
Aşgabadyň Gurbandurdyýew köçesiniň 39-njy jaýynda ýangyn boldy. 26-njy sentýabar, 2013 ý.
25-nji sentýabrdan 26-njy sentýabra geçilýän gije paýtagtyň 30-njy mikroraýonynyň Gurbandurdyýew köçesiniň 39-njy jaýynda ýangyn boldy. Ýangynyň bu üç gatly jaýyň 12 kwartirasynyň ählisine zyýan ýetirendigi aýdylýar.

Deslapky maglumatlara görä, bu ýangynda adam pidasy bolmandyr. Emma ýangynda binanyň ikinji we üçünji gatlardaky käbir kwartiralar dolulygyna ýanypdyr. Ýangynyň şöhlesini gije Aşgabadyň beýleki käbir ýerlerinden hem görse bolýardy. Wakanyň yzy bilen ýaşaýjylaryň arasynda uly howsala döredi.

Ministr hem gelipdir

Ýangynyň yzy bilen, birsalymdan soň, degişli edaralaryň işgärleri hem wakanyň bolan ýerine gelip başladylar. Olaryň arasynda ýangyn söndüriji awtoulaglar, polisiýanyň we beýleki ýörite gulluklaryň işgärlerini hem görmek bolýardy. Wakanyň bolan ýerine gije baranlaryň arasynda içeri işler ministri I.Mulikowyň hem bolandygy barada tassyklanmadyk maglumatlar bar.

Wakanyň sebäpleri barada resmi taýdan entek hiç hili maglumat berilmedi. Ýöne, käbir çaklamalara görä, ýangyn şol gije turan apy-tupanda elektrik togunyň gysga utgaşmasy zerarly şol jaýyň elektrik şitiniň ot almagy netijesinde döräpdir.

Agzalýan etrabyň elektrik liniýalary köpden bäri bejerilmändir. Şol bir wagtyň özünde-de ýaşaýyş jaýlar hem uzak wagtdan bäri remont edilmändir. Şeýlelikde agzalýan raýonda köne elektrik simleriniň ýanýan halatlaryna wagtal-wagtal duş gelinýär.

“Elli ýyldan gowrak wagt bäri şu jaýda ýaşaýan. Remont edilenok. Elektrik simlerini çalyşmaýarlar. Öňler podýezdlerde remont edilýärdi. Indi bolsa podýezde seredip gör. Simler kerep ýaly bolup dur. Adamlar islän zadyny birikdirýärler, onsoň simler çydanok, sähelçe agram düşse ýanýar, hiç kim munuň aladasyny hem edenok” diýip, ýangyn bolan ýaşaýyş jaýynyň ýanyndaky jaýda ýaşaýan Nataliýa aýdýar.

Suwsuz ýangyn söndürijiler

Ýangyn söndürijileriň bölümi ýanan jaýdan o diýen uzakda däl. Emma, muňa garamazdan, olaryň wakanyň bolan ýerine wagtynda ýetişmändigini aýdyp, nägileligini bildirýänler hem bar.

Ýangyn söndürmäge gelen ulaglar.
Ýangyn söndürmäge gelen ulaglar.
“Ýangyn dörände ýangyn söndürijilere jaň etdik. Telefony hiç kim almady. Şonuň üçin olaryň bolýan ýerlerine bir adam baryp habar berdi” diýip, ýangyn bolan etrabyň özüni Bekmyrat diýip tanadan ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Ýangyna ilkinji bolup gelen ýangyn söndüriji awtoulagda suw hem ýok eken. Suwy kommunal hojalygyna degişli ýörite suw daşalýan awtoulag bilen daşapdyrlar. Paýtagtda döreýän ýangynlarda bu indi gaýtalanyp durýan ýagdaý.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýangyn söndürijileriň biri bu ýagdaýy paýtagtyň köp raýonlarynda ýörite gidrantlaryň ýoklugy bilen düşündirýär: “Esasanam köne raýonlaryň köpüsinde gidrant ýok. Onuň bar ýerinde hem ulanyp bolmaýan halatlary seýrek däl”.

Kompensasiýa

Emma wakada ýitgi çeken ýerli ýaşaýjylary ýangyn söndürijileriň bu hili düşündirişleri o diýen kanagtlandyrmaýar. Olar häkimiýetlerden ýangynda ýitiren emläkleriniň öweziniň dolunmagyny isleýärler.

Şonuň üçin bu ýaşaýyş jaýynyň käbir ýaşaýjylary ýangyn söndürijileriň bu ýangyna giç we taýýarlyksyz gelendiklerinden arz-şikaýat etjekdiklerini aýdýarlar.

Bu birinji gezek bolan waka däl. Mundan ozal hem diňe şu ýylyň dowamynda paýtagt Aşgabatda şonuň ýaly ençeme waka bolup geçdi. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabadyň Kemine köçesinde çykan ýangynda 4 adamyň wepat bolandygy habar berlipdi.

Şondan soň maý aýynda paýtagtyň 2-nji saglyk öýüniň golaýyndaky ýaşaýyş jaýynda bolan ýangynda bolsa iki adamyň wepat bolandygy barada resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar peýda bolupdy.

Şol ýangynlarda hem ýangyn söndürijileriň betbagtçylygyň bolan ýerine giç hem taýýarlyksyz gelendikleri barada garaýyşlar bardy.
XS
SM
MD
LG