Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jelalabatda ganly partlama boldy


Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň polisiýa stansiýasynda janyndan geçen ulagly bombaçynyň özüni partlatmagy netijesinde iki polis ofiseri we bir graždan adam heläk boldy.

Resmiler welaýat paýtagty Jelalabatda şenbe güni irden bolan partlamada başga-da birnäçe ofiseriň we graždan adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Bu şäher pakistan serhedi bilen owgan paýtagty Kabulyň arasyndaky esasy ýoluň ugrunda ýerleşýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady. Emma ozal şeýle hüjümleri talyban ýa-da onuň bilen ýaranlykdaky ekstremistler amala aşyrýardy.
XS
SM
MD
LG