Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda propiskasyz ýaşamagyň hupbatlary


Günüň belli bir sagadynda özüne dynç berýän arabaçynyň arabasynda dynç alýan pursaty
Günüň belli bir sagadynda özüne dynç berýän arabaçynyň arabasynda dynç alýan pursaty
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda welaýatlardan Aşgabada iş gözläp gelýän adamlar barha köpelýär. Olaryň takyk sany barada resmi maglumat ýok. Emma şeýle adamlaryň köpelýändigine paýtagtda kireýine alynýan ýaşaýyş jaýynyň gytalýandygyndan hem göz ýetirmek mümkin.

Welaýatdan iş gözläp gelen adamlaryň köpüsi Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan bolup, olar paýtagtda kwartiralarda ýa-da tipli hususy ýaşaýyş jaýlarynda kireýine ýaşaýarlar. Paýtagtyň golaýyndaky Çoganlynyň daçalary hem şeýle raýonlardan biri. Oňa il arasynda ikinji Daşoguz hem diýilýär.

Şeýle raýatlaryň köpçülikleýin ýaşaýan raýonlaryndan ýene biri hem paýtagty ikä bölüp geçýän demir ýoluň gaýrasyndaky raýonlar. Ady agzalan bu iki ýerde jaý kireýi has arzan diýip hasaplanýar. Bu ýerlerde takmynan aýyna 100 manat töweregi kireý puly bilen ýaşap bolýar.

Welaýatlardan gelen adamlaryň ýaşaýan ýerleri paýtagtyň niresinde hem bolsa, olary biri-birine meňzedýän bir tarapy bar. Ol hem şol raýonlardaky gözgyny ýaşaýyş şertleri.

Suw diňe dynç güni berilýär

Mysal üçin, Çoganlynyň daçalarynda suw diňe dynç günleri berilýär. Gaz bolsa asla ýok. Her aý bir gaz ballony paýlanýar. Aram-aram elektrik togunyň öçmegi-de bu ýerde seýrek waka däl.

Şol raýonlaryň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylary hatda şu ýagdaýa-da kaýyl.

“Welaýatlarda iş ýok. Bärde aýda 800 manada çenli gazanç edip bolýar. Ýarpysyny özüme alyp, galanyny oba iberýärin. Men oglanlar bilen işden boş wagtym ownuk-uşak remont işlerini hem edýärin” diýip, paýtagtda gurulýan täze aeroportuň gurluşygynda işleýän lebaply Rozybaý aýdýar.

Emma welaýatlardan gelen işçileriň kynçylyklary diňe bir ýaşaýyş şertleri bilen çäklenmeýär. Olar ýerli ýaşaýjylaryň özlerine bolan negatiw garaýyşlaryndan hem baş alyp çykmaly bolýarlar.

Polimeks kompaniýasynda işleýän paýtagtly gurluşykçy Aşyr bu barada şeýle diýýär: “Welaýatlardan gelenler daşary ýurt gurluşyk proýektlerinde az aýlyga işlemäge taýýar bolansoňlar, daşary ýurtlular olary işe alýarlar. Ýerliler bu ýagdaýda girdeji çeşmeleriniň birinden mahrum bolýarlar”.

Dem-dynç almaga pursat ýok

Welaýatlardan gelen käbir işçileriň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, ýerli howpsuzlyk güýçleri hem welaýatlardan gelen işçilere dem-dynç almaga pursat berenok. Olaryň aglabasynyň propiskasy bolmansoň, polisiýa işgärleriniň şeýle ýagdaýdaky islendik işçini saklap, para talap etmegi mümkin.

Şol bir wagtyň özünde-de welaýatlylaryň ýaşaýan ýerlerinde jenaýatçylyk bolsa ilki bilen olaryň sorag-ideg edilýändigi hakda şikaýatlar bar.

“Biziň ýaşaýan ýerlerimizde islendik bir jenaýat bolsa, bizi ýygnap başlaýarlar. Bir-iki hepde mundan ozal bir pedofili gözläp, “Jennet bazarynyň” töwereginde ýaşaýan welaýatlylardan ençemesini ýygnadylar. Ýerli ýaşaýjylaram bir ogurlyk bolsa, barmagyny bize çommaldýarlar” diýip, paýtagta işlemäge gelen lebaply Rozybaý aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, mundan on gün ozal Çoganlydaky daçalaryň eýelerine üç günüň dowamynda propiskasy bolmadyk kireýçilerini öz jaýlaryndan çykarmak tabşyrylypdy. Bu çäräniň hem şol pedofilli wakada welaýatlylaryň eliniň bardygy tekrarlanýan şübheler bilen baglydygy hakda gürrüňler bar.
XS
SM
MD
LG