Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Ýaragly iki adam öldürildi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda güýçli partladyjy serişdeli iki ýaragly adam öldürildi. Bu barada Russiýanyň resmileri habar berýär.

Milli anti-terrorist komitetiň metbugat wekiliniň habar bermegine görä, ýaragly iki adam Hasawýurduň Winsowhoz etrabyndaky barlag nokadynda polisiýa ulagy saklamaga synanyşanda öldürilipdir.

Şonda ulagdaky ýolagçylar polisiýa ofiserlerine ýaragdan ot açypdyr we wakada ýurduň Içeri işler ministrliginiň goşunynyň bir agzasy ýaralanypdyr.

Ulagda heläk bolan adamlaryň şahsyýeti henize çenli anyklanmady. Ulagda içi bomba ýasamak üçin ulanylýan partlaýjy maddalardan we serişdelerden, şeýle-de ýaraglardan we ok-däriden doly iki konteýner tapylypdyr.

Dagystan yslamçy ekstremizm bilen ilteşikli ýowuzlyklardan we guramaçylykly jenaýatlardan ençeme ýyl bäri ejir çekip gelýär.
XS
SM
MD
LG