Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky dynuwsyz döwlet “çäreleri”


Adamlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň äpet portretini göterip barýarlar.
Adamlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň äpet portretini göterip barýarlar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesiniň ýaýlyma goýberýän gepleşiklerine garasaň, bu ýurduň raýatlarynyň öz prezidentlerini söýüp, ony owadan sahnalar bilen güýmeýşi dek, başga hiç bir ýurduň raýaty öz baştutanyny mahabatlandyrmaýar.

Türkmenistanda her aý müňlerçe adam stadionlara we baýramçylyk ýörişleri üçin niýetlenen meýdançalara ýygnanyp, aýratyn sünnälenen horeografiki çykyşlaryň astynda öz ýurtlaryny we baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowy “höwes bilen” gutlaýarlar.

Resmi senenamada bellenen baýramçylyklardan çen tutsaň, ol ýerde 24 sany milli baýramçylyk bellenip geçilýär. “Medeniýet we sungat işgärleriniň güni” diýermiň, ýa-da bolmasa “Gawun baýramçylygy” diýermiň, garaz, Hudaýyň beren her aýynda bir baýramçylyk bellenilýär. Mysal üçin, “Goňşokara baýramçylygy” aýratyn ähmiýetli seneleriň biri hasaplanýar. Agzalýan dabaraly sene şäherdir obalarda hökman bellenäýmeli. Käbir aýlarda döwlet eýeçiligindäki gazetlerde 4 hepdäniň dowamynda 64 sany çäreniň geçiriljekdigi hem habar berilýär.

Geçrililýän “dabarly” çäreler zerarly döwlet edaralarynyň işgärleri we talyp ýaşlar, şeýle hem mekdep okuwçylary okuwdyr işleri üçin wagt hem tapyp bilmeýärler. Olar baýramçylyk çärelerine gatnaşdyrylýan iň esasy toparlardyr.

“Dynç alyş günlerini ýatdan çykardylar”

Özüni Arslan diýip tanadan oglan şeýle gürrüň berýär: “Geçen ýedi-sekiz ýyldan bäri hökümet edaralarynda işleýän adamlar ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çäreler sebäpli özleriniň baýramçylyk we dynç alyş günlerini ýatdan çykardylar. Mysal üçin, her hepdäniň soňunda bir “çäre” geçirilýär, aýdaly, “milli tigir gününe” bagyşlanyp ýa-da prezident bir ýere barýany üçin... Şeýle günlerde adamlar irden sagat 6-da turup, gije sagat 11-e çenli, ýa-da tä prezident gidýänçä, şol çärä gatnaşmaly. Howa yssy bolsun, sowuk bolsun tapawudy ýok her kim dik aýak üstünde gün uzyn durmaly. Şular ýaly çärelerden ýaňa adamlaryň kitap okara ýa-da özleri üçin sarp edere wagtlary ýok”.

Işleýän edaraň ýa-da okaýan okuw jaýyň seni “çärä gatnaşmalylaryň hatarynda” saýlan bolsa, onda mundan gutulmagyň ýeke-täk çäresi saglyk kepilnamasyny görkezmek. Saglyk kepilnamaň ýok bolsa, onda birnäçe günläp ýa-da hepdeläp dowam edýän köpçülikleýin ýörişlere ýa-da “çärelere” taýýarlyk çärelerine gatnaşyp beýlekiler bilen sazlaşykly ýörişlerden geçmeli bolýar.

“Çärelere” taýýarlyk döwründe we “çäreleriň” dowamynda düzgünleri berjaý etmedik adamlara berk çäreler görülýär. Çäreleriň käbir talaplary bolsa – suw çüýşelerini ýanyň bilen götermeli däl, çäräniň geçirilýän ýerine nahar getirmeli däl ýa-da ýanyňdaky adamlar bilen gepleşmeli däl...

Çärelere gatnaşmakda ussatlaşan ýokary okuw jaýynyň talyby Humaý bu barada şeýle diýýär: “Men şeýle çärelere köp gatnaşdym. Umuman aýdanyňda, şeýle çäreler dereksiz we hiç kim olaryň geçirilmegini islemeýär. Mysal üçin, garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere taýýarlyk işleri köplenç agşamara geçirilýärdi. Biz birnäçe gün öňünden taýýarlyk üçin äkidilýärdik we tutuş bir günläp diýen ýaly şol ýerde sowukda, aç-suwsuz oturmaly bolýardyk”.

“Çäreden soň fontandan suw içdik”

Çärede suwuň gadagan edilmegi aýratynam çagalar üçin howply netijelere getirip bilýär. Bahar we onuň klasdaşlary çäreden soň, suwsap, Aşgabatdaky fontanlaryň birinden öz teşneliklerini gandyryşlaryny we soňundan dizenteriýa boluşlaryny şeýle gürrüň berýär: “Tomus paslynda şeýle çärelere gatnaşmak has hem kyn bolýardy. Sebäbi bize suw bermeýärdiler. Meniň 4-nji klasda okaýan döwrümde başymdan geçen bir waka ýadyma düşýär, ýagny biz birnäçe sagatlap suwsuz dik aýak üstünde durduk we haçan-da çäre tamamlananda, biz göni golaýdaky fontanlaryň birine baryp, şondan suw içdik”.

Aşakdaky wideoda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli paýtagtyň stadionlarynyň birinde geçirlen dabara tomaşa edip bilersiňiz.

Garaşsyzlyk dabarasy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:02:31 0:00
Köp halatda çärede geýdirilýän eşikler howa şertlerine dogry gelmeýär we käbir adamlar milli lybaslary geýip, dabaralara gatnaşmaly bolýarlar. Aýal-gyzlar aňzakly gyşyň ortasynda geçirilýän çärelere owadan tomus eşiklerinde gatnaşmaly bolýarlar we onuň yz ýany bilen hem agyr kesellere duçar bolýarlar.

Erkek adamlar bolsa jöwzaly tomsuň yssysynda silkme telpekdir galyň donlary geýnip, soň hem suwsuzlykdan ýaňa ejir çekýärler. Olar mydama kameralara seredip ýylgyraýmaly edilýärler we çäreden soň öýlerine baryp, öz ýylgyryşlaryna özleri tomaşa edýärler.

Türkmenistanda geçirilýän şeýle çäreler ýaňy-ýakynda peýda bolan “hokga” däl. 1991-nji ýylda Moskwadan garaşsyz bolansoň sowet döwrüniň güýmenjeleri bilen ýurda höküm eden diýdimzor prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe hem şeýle çäreler ýygy-ýygydan geçirilýärdi. Nyýazow şeýle çäreleri öz kulty üçin ulanypdy we ol mekdepleriň okuw meýilnamalaryna öz ýazan ”Ruhnama” kitabyny okatmagy hem girizdi.

Ýöne Türkmenistandaky habarçylaryň berýän maglumatlaryna görä, 2006-njy ýylda Nyýazow aradan çykansoň, hökümet başyna geçen Berdimuhamedow “çäre” meselesinde ozalky prezidentden ozdurypdyr. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy Berdimuhamedowyň ikinji ýola täzeden prezident saýlanmagy bilen ýurduň 2012-nji ýylda “Bagtyýarlyk eýýama” gadam basandygyny yglan edipdi. Geçirilýän yzygiderli çäreler munuň “şeýle” bolandygyna güwä geçmeli.

“Diňe bir ajaýyp däl, eýsem has ajaýyplaşýan ýurdumyz bar”

Düýbi Londonda ýerleşýän “Uruş we parahatçylyk maglumatlary” institutynyň Orta Aziýa boýunça hünärmeni Jon Mak Klaud çäreleriň strategiýasy barada şeýle gürrüň berýär: “Ösüşler, üstünlikler, bagtyýarlyk, abadanlyk we milletiňe buýsanmak duýgulary yzygiderli halka görkezilmeli. Ýagdaýyň özeninde şeýle maksat bar. “Diňe bir ajaýyp däl, eýsem has ajaýyplaşýan ýurdumyz bar” diýen düşünjäni aňlara guýmak üçin örän ýiti syýasy basyş zerur. Adamlar edil şeýle wakalara 1930-njy ýyllarda Staliniň döwründe şaýat boldular. Şol döwürdäki basyş we gynamalaryň, hamana, köpçülikleýin şatlanmalar we ekstaz, ýagny göçgünli duýgular bilen üsti basyrylypdy. Edil şular ýaly ýagdaýa biz Demirgazyk Koreýanyň döwlet dolandyrşynda we Rumyniýada bir döwür prezident bolan Nikola Çauşeskonyň döwlet dolandyrşynda-da görýäris”.

Ýöne, köpçülikleýin çäreler türkmen häkimiýetleriniň maksadyna gulluk etse-de, esasy agyr ýük halkyň gerdenine düşýär. Türkmen raýatlary agzalýan çäreler üçin özleriniň diňe bir gymmatly wagtlaryny ýitirenoklar, eýsem olar dabaralarda geýilmeli eşiklere-de öz jübülerinden pul tölemeli bolýarlar. Mugallymlar okuwçylara eşik we beýleki şahsy esbaplar üçin öýlerinden pul getirmeklerini tabşyrýarlar we jemlenen pullary olar maddy üpjünçilik boýunça jogapkär ministrliklere geçirýärler.

Kähalatlarda oglanlar üçin satyn alynmaly kostýum-jalbar ýa-da gyzlar üçin satyn alynmaly milli egin-eşikler gurby çatmaýan hojalyklara agyr düşýär. Olar “Agaç nahallaryny ekişlik” günlerinde ýa-da “milli tigir” [sürmek] günlerinde agaç nahallaryny ýa-da tigirleri satyn almaly edilýärler.
XS
SM
MD
LG