Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl güýçleri 2 palestinalyny öldürdi


Ysraýyl esgerleri anna güni Ýerusalimiň golaýyndaky barlag nokadynda bir palestinalyny atyp öldürdiler, bu 12 sagat içinde öldürilen ikinji palestinalydyr.

Ysraýylyň polisiýa sözçüsi Miki Rozenfeld bu hadysanyň ýarygije töwereginde, bir adam serhetçi esgeriň üstüne pyçakly topulanda bolandygyny aýtdy.

Penşenbe güni agşam ysraýyl esgerleri Günbatar kenardaky Nablus şäherinde hem bir adamy atyp öldürdiler, onuň «ullakan feýerwerklerden ot açandygy» aýdylýar.

Bu iki hadysa ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň bu sebite ysraýyl-palestin parahatçylyk gepleşiklerine itergi bermek üçin sapar edýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG