Pakistanyň hususy mekdeplerine gözegçilik edýän edarasy hususy mekdeplerde Malala Ýusuzaýynyň kitaplaryny saklamagy gadagan etdi. Malala 2012-nji ýylda bilim ugrunda alyp baran işleri üçin “Talyban” tarapyndan kellesinden atylyp, agyr ýaralanypdy.
Pakistanyň ähli hususy mekdepler federasiýasynyň başlygy Kaşif Mirza salgylanyp berilýän maglumata görä, “Men Malala” atly kitabyň mazmunynyň yslama we Pakistana garşydygy aýdylýar.
Bu gadagançylyk kitaphanasynda Malalanyň kitaby bar bolan ýurduň on müňlerçe hususy mekdeplerine öz täsirini ýetirdi.
Hususy mekdepleriň resmileri Malalanyň Günbatar tarapyndan öz maksatlary üçin öňe sürülýändigini we onuň kitabynyň Muhammet pygambere laýyk hormaty görkezmeýändigini aýdýarlar.