Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda partlama boldy


Kabulda gelýän hepde Loýa jyrganyň geçiriljek ýeriniň golaýynda güýçli bomba partladyldy.

Indiki hepde Kabulda Owganystanyň iň täsirli adamlary ýygnanyp, ABŞ-Owganystan howpsuzlyk paktyny ara alyp maslahatlaşmaly.

Bu bomba partlamasy ýerli wagt bilen sagat 15 töwereginde eşidildi. Polisiýanyň ofiseri Abdul Halyk Azatlyk radiosyna munuň ulag bombasydygyny we pidalaryň hem bardygyny aýtdy.

Halyk başga zat aýtmady. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

21-nji noýabrda 3 müň çemesi owgan şahsyýetiniň Loýa jyrga ýygnanyp, amerikan goşunlarynyň belli bir bölegine 2014-nji ýyldan soň hem ýurtda galmaga ygtyýar berýän şertnamany ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG