Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: Kerri zorlugy ýazgarýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Liwiýanyň paýtagty Tripolide soňky bolan zorluklary ýazgaryp çykyş etdi.

Kerri şenbe güni eden beýanatynda «Liwiýalylar 2011-nji ýylda amala aşyran rewolýusiýalarynda öz janlaryny zorlugyň dowam etmegi üçin töwekgellige salmadylar» diýdi.

Kerri liwiýalylary dialog we ýaraşyk esasynda zorluk girdabyndan çykmaga çagyrdy. Bu beýanat şenbe güni Tripoliniň eteginde basdaş toparlaryň arasynda turan çaknyşykdan soň edildi.

Anna güni Misrata milisiýasynyň Tripoliden çykmagyny talap edip ýöriş geçiren protestçiler Misrata tarapyndan oka tutulanda 40-dan gowrak adam ölüp, 400 adam ýaralandy. Demonstrasiýaçylar gaçdylar, ýöne agyr ýaraglanyp, Misrata gaýtawul bermek üçin yzlaryna geldiler.
XS
SM
MD
LG