Gresiýanyň parlamenti 2014-nji ýyl boýunça döwlet býujetini kabul etdi. Indiki ýylyň býujetinde ýurduň alty ýyllap dowamly çöken ykdysadyýetiniň gaýtadan galyp başlamagy göz öňünde tutulýar.
Garaşylyşy ýaly hökümetiň konserwatorlardan we sosialistlerden ybarat koalisiýasy ýekşenbe günüň gijesinde geçirilen ses berişlikde 153 ses bilen býujeti goldadylar. 300 orunlyk parlamentiň 142 agzasy garşy çykyş etdi.
Gresiýanyň premýer-ministri Antonis Samaras býjetiň kabul edilmegini makullady we muny Gresiýanyň ykdysadyýetiniň krizisden çykmagyna tarap ilkinji ädim, diýip atlandyrdy.
Gresiýanyň 2014-nji ýyl boýunça býujetinde 0.6% ösüş göz öňünde tutulýar. Bu 2007-nji ýyldan bäri ilkinji pozitiw görkezijidir.
Emma analitikler býujetde göz öňünde tutulýan girdejilere we çykdajylara kreditorlaryň garşy çykmagynyň mümkindigini belleýärler. 2010-njy ýyldan bäri Gresiýa berilen karzyň möçberi 240 milliard ýewrodan aşdy.