Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Ölenleriň sany artýar


2013-nji ýylda Owganystanda parahat ilatyň arasyndan ölen adamlaryň sany artypdyr. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky ýörite wekili habar berýär.

Jan Kubisiň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine sişenbe güni beren maglumatynda şu ýylyň 11 aýynyň dowamyndaky hüjümlerde 2 müň 730 adamyň ölendigi we başga-da 5 müň 169-nyň ýaralanandygy bellenilýär.

Bu san 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 10% ýokarydyr. Kubis bu hüjümleri, aglaba, “Talyban” ýaly oppozisiýadaky ýaragly toparlaryň amala aşyrýandygyny hem sözüne goşdy.

BMG-niň ýakynda ýaýradan raportyna görä, pida bolanlaryň ýarysy ýola düşelen bombalaryň ýarylmagy we janyndan geçenleriň hüjümleri netijesinde heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG