Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamada 14 adam öldi


Hristianlar Roždestwo gününi belleýärkä, Yragyň paýtagtyndaky kilisäniň golaýynda bombaly ulagyň partladylmagy netijesinde azyndan 12 adam öldi. Bu barada Yragyň resmileri habar berýärler.

Yragyň paýtagty Bagdadyň Dura sebitindäki partlamada hem azyndan 28 adam ýaralandy.

2003-nji ýylda Yrakda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky harby operasiýa başlanandan soň ýüze çykan mezhebara dawalar sebäpli, ýurtda hristianlaryň sany göz-görtele pese gaçdy.

Çaklamalara görä, 2003-nji ýyldan ozal Yrakda ýaşaýan hristianlaryň sany 1 million bilen 1,5 million aralygynda bolupdyr. Ýöne häzirki wagt olaryň 500 müňden hem azdygy çaklanylýar.

Yrakda şu ýylyň başyndan bäri 6 müň 650-den gowrak adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG