Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şumaheriň saglyk ýagdaýy agyr


“Formula 1” atly awtomobil ýaryşynyň pensiýa çykan çempiony Mihaýel Şumaheriň, lyža heläkçiliginde beýnisine güçli şikes ýetenden soň, saglyk ýagdaýy agyrlygyna galýar.

Şumaher koma, ýagny özüni bilmeýän ýagdaýa düşeninden soň, ýekşenbe güni Grenoble şäherindäki keselhanada gyssagly operasiýa edildi.

Şumaheriň kärdeşleri, şol sanda öňki Ferrari toparyndaky Felipe Massa, “Formula 1” sürüjisi Jenson Button we pensiýa çykan germaniýaly tennis ýyldyzy Boris Beker onuň ýakyn wagtda gowulaşmagyny arzuw edip, sosial mediada hat ýazdylar.

Kyrk dört ýaşyndaky Şumaheriň ýekşenbe güni Fransiýanyň Alp daglarynda lyžada taýýarka ýykylyp, kellesini daşa urandygy habar berilýär. Onuň menejeri wakanyň bolan pursady Şumaheriň kellesinde şlemiň bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG