Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejbury "bagtyýarlyk"


Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdyrylýan bir çagajyk
Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdyrylýan bir çagajyk
Täze ýyl baýramçylygynyň tamamlananyna alty gün geçen hem bolsa, paýtagtda bu baýramçylyk bilen bagly köpçülikleýin çäreler dowam edýär. Şol çäreleriň biri-de ýurduň baş arçasynyň ýerleşen ýeri “Älem” dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdanda geçirilýär.

"Telewideniýede görkezmek"

Soňky günler howanyň sowandygyna garamazdan, açyk meýdandaky arçanyň daşynda aýlanýan ak egin-eşikli çagajyklary görmek bolýar. Paýtagtyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy Aýgülüň aýtmagyna görä, çagalaryň sowuk howada arçanyň ýanyna eltmekden maksat - çagalaryň täze ýyl baýramyny şatlykly garşylaýandygyny telewideniýede görkezmek.

Baş arçadaky mejburlyk
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:39 0:00

“Olar birnäçe sagatlap, telewideniýä ýazgy edilip bolunýança, sowuk howada durmaly bolýarlar. Arçanyň daşynda aýlanyp ýören çagalary telewideniýä düşürilenden soň olary öýlerine alyp gaýdyp bolýar” diýip, Aýgül gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Aşgabadyň arçalaryna aýlanmak üçin paýtagtyň mekdepleriniň özboluşly nobaty hem bar. Bu mekdepleriň käbirleri baş arçanyň daşynda aýlanmaga gitseler, beýlekileri Maslahat köşgündäki arçanyň ýanyna gitmeli.

“Maslahat köşgünde ýagdaý gowy. Ol ýerde bu çäre ýapyk zalda geçirilýär. Içi ýyly.” diýip, Aýgül Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Talaplar

Mekdep okuwçylarynyň bu baýramçylyk “zyýaratlaryna” gatnaşmaklary üçin käbir düzgünler hem bar. Okuwçylar ak egin-eşikli bolmaly. Munuň üçin okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnalandygyny paýtagtyň ýaşaýjysy Annagül aýdýar. Annagülüň 3-nji klas okuwçy gyzy ýurduň baş arçasyna aýlanmaga giden çagalaryň biri.

Annagül bu barada şeýle gürrüň berýär: “Meniň gyzymyň okaýan mekdebinde ene-atalardan pul ýygnalyp, ýörite köpçülikleýin çäreler üçin çaga egin-eşikleri satyn alyndy. Onsoň çärä gitmeli okuwçylar şol egin-eşikleri gezekli-gezegine geýýärler”.

Häzirki gyşky kanikul mugallymlar, döwründe çagalary täze ýyl çärelerine äkitmek üçin, bu çärä gatnaşmaly çagalaryň öňünden salgylaryny we öý telefon nomerlerini belläp alýarlar. Annagül olaryň islendik wagt çärä gitmäge taýyn bolmalydygyny gürrüň berýär.

"Çagalar syrkawlaýar"

Ene-atalaryň käbirleri, sowuk howada bu hili çärelere äkidilensoň, çagalaryň syrkawlaýandyklaryny hem aýdýarlar. Paýtagtyň ýaşaýjysy Bägülüň aýtmagyna görä, onuň ogly 28-nji dekabrda baş arçada Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen çärede sowukda durup, dümewläpdir.

“Oglumyň okaýan klasynyň okuwçylaryny ilki birnäçe günläp bu çäräniň repetisiýasyna äkitdiler. Soňam çäre geçirilýän günem prezident barýança birnäçe sagatlap sowukda garaşypdyrlar. Netijede oglum gyşky kanikulyny dümew bilen geçirmeli boldy” diýip, Bägül gürrüň berýär.

Ýöne, muňa garamazdan, çagalaryň arasynda täze ýyl baýramçylyk çärelerine uly höwes bilen gidýänleri hem az däl. Esasanam täze ýyl sowgadynyň berilmegi olary has-da höweslendirýär.

“Maslahat köşgündäki täze ýyl arçasynda hezil bolýar. Ol ýerde, Aýaz-baba goşgy aýdyp berseň, sowgat berýär” diýip, ady agzalan köşkdäki çäreden gaýdyp barýan 4-nji klas okuwçysy Batyr gürrüň berýär.

Emma täze ýyl sowgady hemme arçalaryň ýanynda berilmeýär. Dynç güni paýtagtyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki açyk meýdanda sowukda telewideniýä düşürilmäge eltilen çagalar bu çäreden öýlerine elleri boş gaýtdylar.
XS
SM
MD
LG