Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Baş müfti wezipesinden çekildi


Gyrgyzystanyň baş müftisi Rahmatulla Hajji Egemberdiýew seks bilen bagly wideonyň daşyndaky jenjeliň netijesinde wezipesinden çekildi. Egemberdiýew AÝ/AR-sy bilen söhbetdeş bolup, wezipesinden çekilmek barada sişenbe güni Ulemalar Geňeşine özüniň ýüz tutandygyny aýtdy.

Egemberdiýewiň wezipesinden çekilmegi täze ýyl baýramçylygynda internetde peýda bolan wideo bilen bagly boldy. Wideoda onuň ýaş zenan bilen jynsy gatnaşykda bolan pursady görkezildi.

Egemberdiýew bu wideodaky zenanyň özüniň nikalaşan aýalydygyny aýtdy. Gyrgyzystanda köp aýallyk kanun taýdan gadan edilen hem bolsa erkek adamlar yslam dini boýunça nikalaşmagy aýal üstüne aýal almak üçin ulanýarlar.

Ulemalar Geňeşi baş müfti wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Egemberdiýewiň orunbasary Maksat Toktomuşewi belledi.

Egemberdiýew Gyrgyzystanda soňky dört ýylyň dowamynda seks bilen bagly jenjelleriň netijesinde wezipesinden boşadylan dördünji müftidir. Gyrgyzystanyň yslam liderleri Egemberdiýewi baş müfti wezipesine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda bäş ýyl möhletli belläpdi.
XS
SM
MD
LG