Şu ýylyň başyndan ýurtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky täze kodeksi güýje girdi. Ol güýje giren badyna hem degişli çäreler göze ilip başlady.
Köçe-ýol düzgünleri
Täze kodeksiň pyýadalaryň uly köçeleri kesip geçmek tertibi baradaky maddasy babatynda aýdylanda, bu maddany äsgermezlik edenlere jerime salynjakdygy hakyndaky duýduryşlar köpçülikleýin ýerlerde asyldy.
Bu hili duýduryşlar mekdep okuwçylarynyň käbirleriniň gündelik depderlerinde hem ýelmenipdir. Diňe duýduryşlar bilen çäklenilmän, bu barada iş ýüzünde görülýän çäreler hem göze ilyär. Soňky birnäçe gün bäri paýtagtyň uly köçelerindäki awtobus duralgalarynyň golaýynda ýörite duran jürlewükli bir-iki sany polisiýa işgärlerini görmek bolýar. Polisiýa işgärleri köçeden geçmesiz ýerden geçýän pyýadalara duýduryş berip, Administratiw kodeksiň 231-nji maddasy boýunça, bu hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga synanyşýarlar.
Ölçeýjçiler
Geçen ýylyň ahyrynda bolsa, sarp edilýän elektrik toguny ölçeýjisi bolmadyk ýa-da olary täze, talabalaýyk görnüşine çalyşmadyk hojalyklara hem bu kodeksiň ýörite maddasy boýunça jerime salynjakdygy baradaky duýduryş hatlary paýtagtda öýme-öý aýlanylyp paýlanyldy.
Netije-de täze ýylyň öňüsyrasynda Döwletenergogözegçilik edarasynyň Aşgabat bölüminiň abonent toparynyň bir gatly binasynda uly nobatlar emele geldi. Bu ýagdaý elektrik toguny ölçeýji enjamlaryň bahalarynyň ýokary galmagyna getirdi.
Çilim
Kodeksiň täze görnüşi çilim we çilimkeşlik barada hem dürli maddalary öz içine alýar. Meselem, bu kodeksiň 79-njy maddasy boýunça köpçülikleýin ýerlerde çilim çekenlere salynýan jerimäniň möçberi 100 manada ýetirildi.
Birinji ýanwardan başlap täze görnüşi güýje giren bu kodeks 1984-nji ýyldan bäri hereket edýär. Emma öňler şol kodeksiň maddalaryna ilat ýa-da ýolbasçylar tarapyndan o diýen uly üns berilmeýärdi.
Şeýlelik-de täze kodeksiň güýje girmegi bilen oňa bolan ünsüň aşa güýçlendirilmegi il arasynda käbir soraglary döredýär. Ýerli synçy Ýaýlym Begow bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Meniň pikirimçe, hökümetiň bu kodekse häzirki döwürde aýratyn üns bermegi ýurtda tertip-düzgüni hem-de kanunçylygy berkleşdirmek üçin edilýän bolmagy mümkin”.
Döwlet gaznasy
Emma ildeşlerimiziň arasynda hökümet tarapyndan bu kodekse bolan aýratyn ünse döwlet gaznasyny goşmaça girdeji çeşmesi bilen üpjün etmek tagallasy hökmünde garaýanlar hem bar.
“Häzirki alnyp barylýan milliardlarça dollarlyk gurluşyklar döwlet gaznasyny boşadan bolara çemeli. Jerimeler bilenem onuň üstüni doljak bolýandyrlar. Soňky döwürler salgytlara-da köp üns berilýär. Bu-da şonuň bilen bagly bolmagy ähtimal” diýip, paýtagtly telekeçi Nurmyrat öz çaklamasyny beýan edýär.
Şol bir wagtda-da Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksdäki jerimeleriň degişli häkimiýet wekilleri üçin para-peşgeş almaga täze mümükinçilikleri döredýändigini aýdýan ildeşlerimiz hem bar. Şeýle çaklamanyň öňe sürülmegine belli bir derejede ýurtda giňden ýaýran parahorluk hem sebäp bolýar.
Ýerli synçy Ýaýlym Begow bu barada Azatlyk Radiosyna ýene şeýle gürrüň berýär: “Hökümet işgärleriniň käbirleriniň bu kodeksi para almak üçin ulanmaklaram mümkin. Mysal üçin, pyýadalar köçäniň geçmeli däl ýerlerinden geçenlerinde, olary saklap, para alyp goýbermekleri mümkin”.
Ýeri gelende belläp geçsek, güýje giren Türkmenistanyň täze Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksi şu ýyla çenli hereket eden 1984-nji ýyldaky kodeksden tapawutlylykda 591 sany maddadan ybarat bolup, oňa 272 sany täze maddalar girizilipdir.