Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Howpsuzlyk ministrine käýinç berildi


Türkmenistanda ýokary derejeli döwlet resmileriniň birnäçesine berk käýinç yglan edildi.

Türkmen döwlet ykdysydyýet we dolandyryş institutynyň, ozalky Halk hojalygy institutynyň rektory Pürli Agamyradowa «gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ýolbaşçylyk edýän ýokary okuw jaýynda bilim reformasynyň amala aşyrylyşyna kontrollugy gowşadandygy» üçin berk käýinç berildi diýip, resmi metbugat ýazýar.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, prezident G.Berdimuhamedow ýurduň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe, döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Döwrangeldi Baýramowa hem berk käýinç beripdir.

Bu resmilere hem käýinç «gulluk wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we işde goýberen kemçilikleri», «ýolbaşçylyk edýän pudaklarynyň işine kontrollugy gowşadandygy» üçin berildi diýip, TDH ýazýar. D.Baýramowyň harby çini podpolkownik derejesine aşak düşürilip, gysga wagtda kemçilikleri düzetmese, onuň işden boşadyljagy duýdurylypdyr.

Emma resmi metbugatda bu resmileriň anyk nähili kemçilik goýberendigi aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG